ÝAŞYL KÖÝNEKLI GYZ (Toýdan parçalar)


Gaýnap joşýan toý mekanynyň bir çüňkindäki stollaryň birindäki ýaşyl köýnekli gyz bütin toýuň tersine ýalydy. Köýnekçedigine garamazdan egnindäki keteniniň giňräk gadymy bilen häzirki zaman biçüwi garyp tikilenindenmi nämemi endamy bildirenokdy. Ýüzinde-gözinde geň, täsin ýasama ýylgyrşyň alamatlary çaýylandy. Özi ýaly gyzlar özini güjeňleşip pyr-pyr pyrlanýarkalar, ol özini gizlemäge çalyşýan ýalydy. Hat- da kiçijik çagalaryň biri gyzyň öňine iki örip atlyan uzyn saçlaryndan tutup: “Sen näme üçin saçyňy iki örýäň”—diýdi. Çagajyk jogaba derek ýakymlyja ýylgyryş aldy. Ol toýa gelip oturanyndan bäri, ýeke gezegem ýerinden turmady. Turjaga-da meňzänok. Oňa gözi düşen, haçandyr bir wagt öýermeli ogullaryna delje zat gözläp ýören aýallara pyşyr-pyşyr bolşup, oň her hereketinden gözlerini aýyrmadylar. Soradylar-idediler... özlerine berilmez öýdenler-ä ýuwdunşup oňaýdy. Özine ynamy bolanlaram oň ýöreýşini görmek islediler. Belkem gelende görinmän gelendir... barybir ol turarly däldi. Iller-ä oň töweregindäkilere ünsem bermeýändir öýtdüler. Meň göwnime bolsa ol ähli gymyldy-hereketi nazaryndan sypdyrman otyran ýalydy. Köpbilmiş aýallar ahrsoňy gyzy tuzurmagy gurnadylar. Gyzlaň birini ýanyna iberip, ýadygärlik surata düşmegi teklip etdiler öýdýän, zalyň törine tarap ýöräp ugradylar welin.. ýaşyl köýnekli gyz “Ýeke özim, düşjek!”—diýäýdi öýdýän surata. Ýanyndaky gyz eginlerini ýygryp gyra süýşdi. Ol gyz gelip ýene ýerine ornaşdy. Gyz surata düşmäge gidende käbir aýallara ony ogluna görkezibem ýetişdi. Olaň içinden biri gyzy ýanyna çagyrdy. Gyzyň gaşlary gerildi, belkem tanamaýan uly aýalyň ýanyna çagyrsa geňdir. Gyz bardy. Aýal ýanyndan ýer görkezdi. Gyzam otyrdy. Bir zat, bir zatlar gürleşdiler. Aýalyň mähremsiräp berýän soraglaryna gyz gysga, başdansowma jogap bermäge çalyşýardy. Ahyrynda aýal gyzyň elinden tutup, ýüzine dikanlady. Belkem samsyk oňa “Seni gelin edinmek isleýän!”—diýendir. Gyz elini çekip aldy-da yzyna dolandy. Oň çalaja bürşen gaşlaryny bolsa hiç kim görmedi. Toý gutaranda-da köpleň nazary ýene gaýdyp barýan ýaşyl keteni köýnekli gyza dikildi. Ol bolsa bütin toýuň tersine ýalydy. Ýaşyl ketenili gyzyň köýnegindäki nagyşlaryň illeriňkiden saýlanyşy ýaly, gyzam saýlanyp durdy. Oň ýylgyrşam, iki örülen saçlaram, tebigy ýüzem, giň köýnegem “döwrebap” deň-duşlaryna sapak berjek bolup, “Beýle geýinseňem owadan, özem milli!”—diýjek bolup duran ýalydy. Aýdýana ol toýdakylaryň barynyň tersine ýaly...


© Nureddin KESEARKAÇLY

Köneler, GaRa_TmyN tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir