SÖZLENMEDIK SÖZLERIÑ SETIRE SYGDYRYLANLARY


— Robot ýaly ýöreýäñ, bu bolşuñ bilen, adamlaryñ ünsini öziñe çekip, gowy adam bolup bilmersiñ — diýýäñ! Eýsem señ şujagaz sözleñem, robot ýaly pikir edýändigiñi añlatmaýamy?!

* * * * * * *

— Üşäñokmy, daşary doñak... Öýkeniñi arassa howadan doldurasyñ gelýän bolsa, galyñ geýnibem çykyp bolardy — diýýäñ... Içi birwagt doñan adamyñ, daşy nädip üşesin!.. Öýkenimem bu howadan dolanok. Şu doñagam doýmaz-dolmaz öýkenimi doldurup bilenok....

* * * * * * *

Her näme diýip töweregimde köpbilmişlik bilen aýlansañam sesimi çykaramok. Adam ýüregi öýüñ gapysy däl, señki ýaly bir eliñ bilen tutawajy tutup, beýleki eliñ bilenkakdym adyny edip, içinde ýitip barýan bir zady görjek bolýan ýaly ylgap, süssürlip, arasynda-da işige büdräp girer ýaly...

* * * * * * *

— Oñ ýanynda meni gürledipsiñ, meñ ýanymda-da Ony... Señ habaryñ barmy, biziñ ikimizem biri-birimiziñ ýanynda seni gürletdik...

* * * * * * * *

— Nabatly çaý iç, özem tmyn çaýyndan demläp iç. Saglyga gaty gowy —diýýäñ. Maña bu hili saglyk hakda däl, ruhy nädip sagdyn saklamaly şo hakda gürrüñ bersene!..

* * * * * * * *

— Pylana gara diýip, içini ýakalyla — diýýäñ meslekdeşiñe. Şol pylany: "Meñ daşym gara bolsa, siziñ içiñiz gara. Ýogsam bu sözleri diýmezdiñiz" — diýäýse nädersiñ?!..


© Nureddin KESEARKAÇLY

Köneler, GaRa_TmyN tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir