HAKYM BAR ÝALY

"Men ýaraly gurt sen gurbanlyk guzy   "
Baryş Manço

Men ýaraly gurt - sen gurbanlyk jeren
Yşk bize gadagan bolsa-da i:rden;
Ikimiz şu sähraň bagryndan inen,
Ikimizem ganýas şol bir güzerden...

Bu hekaýa bize gadagan ýaly
Ýöne sähram sensiz bitagam ýaly...

Bir seretsek aýra ýaly ýolumyz
Men gowgaly pikir- sen gözel hyýal!
Saý sebäpler aýyrsa-da ýolumyz
Bir janda, bir tende garaşýar wysal...

Ykbal ak patasyn bermejek ýaly
welin, ýürek sensiz urmajak ýaly...

Göwün gözgim - jahankeşde bulutlar
Maksadym - menzilim - hasylym - ýaşym...
Gel, gör! Sowuk şöhläň badym urup dur
Bu älem dar maňa göwşn kuýaşym...

Ol gadymy alaw öçmejek ýaly
Herhal ömür sensiz ötmejek ýaly...

Täleýiň niýeti-matlaby nirä,
Haýsy ýana rowan bu gadym heňňam?
Bilemok, bilýänim - ikimiz läläm,
Kadadan-galypdan çykdyk bir eýýam...

Hem seni söýmäne hakym ýok ýaly
Hem sensiz du-jahan ýakym ýok ýaly...


© Taýmaz Seýidow

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir