ASMAN BILEN ÝÜREKDEŞ....

Asman aglaýar...
Sebäp näme, oña monjuk dökdüren....
Asman aglaýar,
Onuñ gözýaşlary ýere bat bilen urulýar...
Göz ýaşlar...
Olaryñ her dänesinde müñ owaz bardyr belki...
Belki olar bize bir zatlar duýdurmak isleýändir...
Ol gözýaşlar belki Asman Atanyñ Zemin enä ýetip bilmeýşiniñ nalasydyr...
Asman ata belkem Ýeriñ üstindäki ýetim üçin aglaýandyr...
Belkem, atalary şehit bolan bir ogluñ berbatlygy üçin...
Ol birdenkä has güýçlenýä..
Eñreýä zar-zar...
Onuñ agysy meñ ýüregime melhem berýä,
Ýok ol ýaralarmy dyrmanok...
Onuñ sowuk eli tutaşýan kalbyma rahatlyk eçilýä...
Gözýaşlar meniñ penjiräme gelip urnanok...
Penjirämiñ ustinde bassyrma bar cunki...
Ne de men gozyaslara gozyasdan doly kalbymy ezyan
Ejeme gulak asyp yorganda yatyan...
Yyljajyk dusek..
Dasarda owaz.
Tyk-tyk-tyk-tyk-tyk.....
Hor sesleri goñşy otagda...
A men gozyaslara ezilman ezilyan...
Ezilyan ezilman...
Dunyaniñ iñ gowy orkestrinden tapmadyk sesim onuñ sesi.
Dymmagy we dymmagy isleyan yuregme teselli...
Diñip gidýa bir pursatdan...
A soñ?!
Bir sorañda müñ ýyl ömriñ uzaltjak ajaýyp howany pesges berya...
Eger maña sayla diysediler,
Asmanyñ gözýaşlaryna diñ salmagy ya da Pegasa münmegi
Goyberiñ Pegasy oz ugruna men gozyas bilen gozyas meñ bilen diyerdim...
Asman ata ap ak sakkalyn sallap,
Gozyas dokya name onuñ sebabi...
Zemin dymma! Jogap ber sen bilýäñmi?!

©Nureddin KESEARKAÇLY.

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir