ÝAGYŞ
Ýagyş damja-damja dol ýüregime
Kükesin ruhumda uçmahyň ysy.
Ýag sen, zerre-zerre syl yüregimi,
Açylsyn gubarlan göwnümiň posy.

Asmandan reňk alan pikirlem, belki,
Seniň güwäligiň bilen aklanar...
Çyrmaşyklar basan tozanly ýollar
Her damjaňda kir-kimirden saplanar...

Süýji suwa teşne bolýa ummanam
Şor tolkunlar ugratsa-da kenara...
Gandyr suwsuzlygym bir saňa aýan!
Umman gomda tussag bolsa ne çäre!?

Eý gamly buludyň nury didesi!
Inçelýär umydym, bahary buşla.
Habar ýokmy azatlygyň paslyndan?
Dam sen, solan arzuwlarym nagyşla...

Zemine Gökleriň salamyn paýlap,
Ýag, dowamat tapsyn juwan ömürler!
Ýag, owarra bolsun gözýetimlerden,
Peläket sawçysy betpäl ümürler...

© Taýmaz SEÝIDOW.

Köneler, wagt tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir