AMERIKAN IMPERIALIZMI TÜRKMEN
EDEBIÝATYNDA

Annaberdi Agabaýew

Prezident Reýgana açyk hat
(Ak tama gowuşmaly ak nama)

Ser!
Köp gürrüñ edýäñiz ýakyn-yrakda
Adamyñ hukugyn goramak hakda...
Meniñ hukugymy meniñ ilimde
Işde,
gezelençde,
ýa öz dulumda,
Bagymda,
dagymda,
derýa,
çölümde

Aýdyñ, kimden goramaly?
Aý sorri ser
bu sowaly
Men hut sizden soramaly!
Säher, işe ýollanamda
Hukugymy çagalardan
Goramaly bolaýmasyn?
Sagymda hem sollarymda
Bökjekleşip bakja barýan,
Jak-jaklaşyp salam berýän
Çagajyklar
hukugyma
Birden "syrtmak salaýmasyn?"
Ýa-da işden gaýdanymda
Hukugymy babalardan
Goramaly bolaýmasyn?
Kemsidilen ynsan üçin,
Şu bagtyýar döwran üçin,
Meniñ doglan günüm üçin,
Hem erkana dilim üçin
Oda girip,
otdan çykan,
Söweşlerde ganyn döken
Babam meniñ hukugymyñ
"Damagyny çalaýmasyn?"
Dile geldi - bile geldi,
Soñuna çen ediñ belli,
Aýdyñ ahyr, aýdyñ jenap,
Hossarsyrýan
siz tetelli
Durmuşymy nämä ýanap,
Nämeden şer aramaly,
Aýdyñ meniñ hukugymy
Ýeri, kimden goramaly?
Baga girsem,
bag içinde seýl edýän
Tahyrlardanmy?
Senemlerdenmi?

Daga çyksam,
ula-kiçä sežd edýän
Çopanlardanmy?
Keremlerdenmi?
Deñizde ýüzemde
bekre bişirip,
Myhmana gujagyn gerenlerdenmi?
Ýa eziz sährama çyksam joş urup,
Çal küýzäni ak goşardan aşyryp,
Kerseni uzadýan gelinlerdenmi?
Ýa daşyna wyşka baryn üýşürip,
Ülpüldäp oturan selinlerdenmi?
Jerenlerdenmi?
Gulanlardanmy?
Gussaly gumlarda Şatlyk şäherin
Guranlardanmy?

Siz gürrüń edýäñiz agyz dolduryp,
Goramaklyk hakda halkyñ hukugyn,
Onda jenap, başyñyzy galdyryp,
Dünýä kartasyna ser salyñ bu gün!
Pars aýlagynyñ kenarynda gün dogup,
Ýer ekilip-orlanokmy?
Ýa o taýnyñ eneleri
dünýä perzent dogranokmy?

Damaryndan palestinli awarañ
Suw akýarmy gan ýerine?
Ýa balasy kampuçili biçäräñ
Gum iýýärmi nan ýerine?
Hyrat guýusyna awy tüýkürseñ,
Boston gyrandyndan durarmy akman?
Salwadorda ýüpek zülpler tüýdülse,
Bolarmy heý,
çikagoly ýigitleñ
Saçlaryna çal sepmän?..
Ol illere gan çaýkaýan,
howup salýan,
"Halklaryñ gözüniñ oduny alýan",
Ynsan hukugyny pöwha pelsepäñ,
Ýalpak derýasyna
talhan deý çalýan
Ýañky çagalarmy?
Ýañky babalar?
Ýa çöldäki bagt derýamyñ boýunda
Oturan gül obalar?
Ak tamyñ agzynda dañ bilen örüp,
Ýewropañ hyñ berýän köçesin ýaryp,
"Iş beriñ, iş!" - diýip top tutup barýan
Aýalyñ,
erkegiñ,
gojanyñ,
ýaşyñ
Kim aldy elinden ynsan hukugyn?
Kim aldy elinden hünärin, işin?

Bamdaky gyzlarmy?
Gumdaky ärler?
Ýa Nurek, Angara erk eden zorlar?
Belki-de,
öýümde nagmalar düzüp,
Käte hem dünýäniñ ýurtlaryn gezip,
Gür berip bagtyýar durmuşmyñ "syryn",
Olaryñ hukugyn... men alandyryn?..
...Siz dile alýañyz "AHLAK" sözüni -
"Moral gymmatlyklar penalanmaly!",
Ýazgarmaly bolsa şuñ üçin birin,
Ozal başda - hut siz günälenmeli!

Bu ýalñyz planeta,
Bu mawymtyl Şar -
Bilýäñiz ahyry -
Çäklije hem dar!
Bilýäñiz ahyry -
Onuñ goýnunda
Älem binýadynyñ gönezligi bar!..

Zeminiñ öýünden ören adamzat,
Kämillik keşbine giren adamzat
Eýsem bir-biriniñ añdaşy dälmi?
Gurbaga, ýarganat -
Külli haýwanat
Eýsem, bir-biriniñ gandaşy dälmi?

Ýer Şarynda ýadro urşun ündemek,
Ýer Şaryny raket bilen "gundamak"
Ahlak azgynlygnyñ çürbaşy dälmi?
Bu howply pursatda,
Aýgytly demde,
Ynsanyñ adyndan bir iş edeñde -
Gözlerini goramaly,
Ýüzlerini goramaly,
Gollaryny goramaly,
Ellerini goramaly,
Barmagyny goramaly,
Dyrnagyny goramaly,
Goramaly emzigin,
Goramaly arlygyn -
Goramaly
älemde
Adamzadyñ barlygyn!

Bu hukugy adamzat
Sizden sorap alanok,
Ýa sorajak bolanok!
Bu hukugy adamzat
Köwekdekä
daş gazap,
Gazandy,
Görüp güzap
Mermeri palta bilen!
Gazandy tümi ýaryp,
Çakmakdyr pelte bilen!

Ýaýlakda keýik kowlap,
Añzakda kowlap sugun,
Ýaşamaklyk hukugyn
Ýer ýüzüne ýaýdy ol!
Dänäni, tarpy tapyp,
Ilkinji harpy tapyp,
Şol hukugyñ
Bakylyk
Kanunyny ýazdy ol!
Ýazdy
soñra ýaradyp
Ýelken bilen labyry,
Ýazdy, ýokdan bar edip
Täçmahaly, Luwry!..
Ilkinji teker bilen
Ýer boldy çyzym-çyzym,
Teker ganat bekledi
Demirden
düzüm-düzüm...

Jar edip öz hukugym,
Bu gün arşa çykdym men.
Baky dirilik tugun
Ýyldyzlara dikdim men!

A siz diksem diýýäñiz
Raketi üst-üstüne.
Neneñ eliñiz galýar
Tutuş taryh kastyna?!

"Amerikan raketin
Ýewropada dikmeli!
Ýere çarbag ýerine
Şol nahaldan ekmeli!" -
Neneñ diliñiz gelýär
Şundan soñra
ysgyna?..

Biliñ, jenap, bet pygla
Durmarys togap edip.
Zat ýok däldir bizde-de
Dikmäge jogap edip!
Ýöne weli, biz herne
Bomba garşy bombany,
Öndürmegi ret edýäs!
Biz Zeminde raketi
Her bombany
EBEDI
"Öldürmegi net edýäs!
"Ýarag synsyn!" diýen ses
Biziñ üçin mukaddes!
Şol sebäpden dünýäde,
Her ýurtda, her künjekde
"Moskwanyñ eli bar!"
Sebäp diri ýürekde
Diriligiñ demi bar!
"Moskwanyñ elleri"
Bozanok ýurt serhedin,
Halklañ özi seljerýär
Öz içiniñ jerhedin.
Raýdaşlygyñ öñünde
Ne beýik bar, ne-de pes,
Yasalyp iberlenok,
Ýa gana goýberlenok
Bu sagdyn dem, bu nepes!
Siziñ dilñizde aýtsak:
"Parahatlyk ugrunda
Gerim alýan bosguna"
Ýeke-ýalñyz sebäpkär
Hukugy adamzadyñ,
Adam ýanmak islänok
Düşüp jeñbaz rysgyna
Içinde ýanar oduñ!..
..."Goramak" barada aýtmaly bolsa,
Goramaly bu Zeminde biz bu gün
Abyzemzem akymynyñ yrylman,
Adamzadyñ tohumynyñ gyrylman,
Ömürylla dowam etmek hukugyn!
Şuny bejit goramaly biz bu gün!
A siz bolsa aýbyñyz
Ýapmakçy şyltak bilen,
Hakykat bir heýkel däl,
Guntdan guýlan fakel däl
Itip, goparar ýaly,
Ýykyp, aparar ýaly
Gadymy galtak bilen!..
Maña şu hili haty
Gazap bilen ýazdyrýan
Şu günleñ hakykaty!

Gazetden dikeç-dikeç
Howatyrly hem eýmenç
Habarlar bosup gelýär,
Şyltaklar bosup gelýär,
Traktory, azaly,
Süýji-süýji gazaly
Bir çete gysyp gelýär,
Suratlarda - dünýäniñ
Dürli-dürli künjünden
"Raketlere - ýok!" diýip,
"Ýaşamaga - hak!" diýip
Mowzuglar göge galýar,
Göýä ýer süýşüp gelýär!..

Bu hata siñe baksañ -
Bu hatyñ aşagynda
Diñe meniñ golum däl,
Milýonlañ ady bardyr,
Göreşde hem söweşde
Ölýänleñ ady bardyr,
Bu hatyñ aşagynda
Parahatlyk Marşynyñ
Ýatmajak bady bardyr!..

...Ýok çapawul ýollamok
Gowşursyn diýp men size,
Sebäp bilýän, bu haty,
Almarsyñyz piññize.
Ýöne, hatym - sungatym,
Galkyn-da sen asmana,
Guş bolup uç şo ýana!
Ak ganatyñ şapyrdat,
Gapysyn kak jeñbazyñ,
Tebil turzup,
gümmürdet!
Gir-de Ak tama özüñ,
Halkyñ ýürek sözün elt!..
Saña çapawul näme,
Saña garawul näme,
Soltany bol göwünleñ
Dünýäni eneleñ
Ak süýdi deý ak nama!

aprel, 1983 ý.



Ata Köpek Mergen

Täze nakylyñ manysy

"Aýynyñ dostlugy", "Tilkiniñ ýaly",
Türkmenleriñ nakyly kän şuñ ýaly.

Atalaryñ akyp ýatan paýhasy,
Çäksiz hazynadyr, ýokdur bahasy.

Herki zady nakyl etmek bada-bat,
Müñ synagdan geçirmese adamzat.

Täzeden eşdilýän, täzeden dörän,
Özem il içinde ýörgünli örän -

"Amerikan kömegi" diýlen nakyl bar,
Ony tapan döwür atly akyldar.

Käbiri dostunyñ jübsüne garap,
"Kömek" biýr, özüniñ nebsine garap.

Akylly adamlar ony tiz duýar,
"Amerikan kömegiñ gerek däl" diýer.

Nakyl ýöne ýere ýaýranok ile,
Onuñ düýp manysy takmynan şeýle:

Bir çak kynçylyga düşüpdi Liwan,
Kömek berjek bolsañ, bermelidi nan.

Olar üçin köýnek gerek, don gerek,
Şo zatlary näçe berseñ, kän gerek.

Donam beren bardy, çöregem beren,
Bardy dostluk bilen ýüregin beren.

Amerika-da kömek berdi, "dözmedi",
Içi doly awtomatmy, bäşatar.

Geldi parohodlar hatarma-hatar,
Topmy, tankmy, has ulurak zadam bar.

Enäni mähriban oglundan aýryp,
Aç garnyny gyzgyn gülleden doýrup.

Boz topraga garyp çagañ atasyn,
Äkitdi deregne nebtin, pagtasyn.

Liwan halky edip elde baryndan,
"Kömek" beren şeýle rehimdaryndan.

Dynmak üçin niçik görgüler gördi,
Biten däldir şindem ýüregniñ derdi.

Ýandy külbeleri, garaldy asman,
Liwan topragyny suwardy al gan.

"Amerikan kömegi" diýlen nakyla,
Soraýyñ, her kimçe beletdir Liwan.

Amerika bütin dünýä göz edip,
Koreýa-da öz "kömegin" uzadyp.

Nä güne salypdy asuda halkyn,
Bu ýöne kesel däl, bir eýmenç kakyn.

Kesildi, talandy müñlerçe ömür,
Obalañ ýerinde galypdy kömür.

Bütin ýurt durşuna akan-da-dökän,
Şaherler bolupdy baýguşa mekan.

"Amerikan kömegi" diýlen nakyly,
Sorañ Koreýadan, heý undarmykan!

Bir-iki däl, beýle mysalyñ sany,
Dünýäñ her künjünden müñläp ynsany

Şolaryñ "kömegi" gyrdy, talady,
Gör, näçe ýurt endiredi, aglady.

Wýetnamdan eşdilýän enäñ nalasy,
Lowlap ýanyp duran wýetnam ýaýlasy,

Ol ýeriniñ gurum baglan asmany,
Wýetnamly körpäniñ akan al gany.

"Amerikan kömegi" diýlen nakylyñ, -
Ine, şol nakylyñ asyl beýany.

Adamlar, köp wagt çydady ýürek,
Güýjümiz birgerip biz oña derek,

"Amerikan kömegi" diýlen nakyly,
Bes indi, sözlükden çykarmak gerek.


Ata Salyh

Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir

Trumenler ýaraglarna bat berip,
Özlerine adalatly at berip,
Kim olaryñ diýenlerin etmese,
Atom bile ýandyrjakmyş ot berip.

Çerçill bes etmeýär dawa-şerini,
Için ýag tutupdyr, ýognap garyny,
Güýçli gaýtawula duş gelmen öýtse,
Basyp aljakmyşyn özgäñ ýerini.

Sowet Soýuzyna töhmetler atyp,
Tutýan maksatlarna bilmezler ýetip.
Atlantik paktyn taryplap olar,
Bolsady ekýärler men-menlik satyp.

Häzirki Atlantik paktyñ* barşy,
Progressiw adamzat ähline garşy.
Göýä kommunizm howpy bar diýip,
Halka hödürleýär näletli urşy.

Döwlet sekretary jenap Açeson**,
Ýer ýüzüni gul etmäge edýär jan,
Gitleriñ işiniñ gaýdyşy ýaly,
Siziñ hem planyñyz puç bolar hökman.

Bewinler, şumanlar - halky ütýänler,
Halkyñ bähbidini pula satýanlar,
Dawa, jenjel gurap bazar üstünde,
Nebsiniñ ugrunda hallan atýanlar.

Işçilere çekdirse-de horlugy,
Ýol almaz faşistleñ hökümdarlygy.
Atomdan hem, dollardan hem güýçlüdir
Zähmetkeş halklaryñ agzybirligi.

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir