"ÖTER..."
Eý, dili-nadan, tekepbir bolma bul döwran öter!
Bakydyr ba:ry daragtyñ panydan bagban öter.

Gör, bu gün ebri-syýa elde şimşi:ri - desti-hat,
Erte mundan ak-gara her ne ebru-ba:ra:n öter.

Jem kylyp, mugtatlaryn diwan gurupdyr Şa-Senem,
Taýreder düýdi-hak Gökde, zeminden diwan öter.

Deññene eýleme göwün, heser mutryby bilen,
Gam hem gonakdyr suprada, supradan myhman öter.

Bilbil perinden neý ýasap, her çen saýrasa-da za:g,
Sebgul-mesanydan ha:ryj ýazylan dessan öter.

Gökden habarlar a:şyran, nil gözlü beni-jan hany?!
Hefti-reñ heft-çehre senem ez Müsri fettan öter.

Güzerde piri-mugan methiýe ýazar puştuna,
Bu ne ýalançy söwdadyr, her öten handan öter.

Demawende gul bolan armanda - ahmak leşgeri!
Musañ ötmedik ýoluna intizar umman öter.

Selle, don, tesbi - serenjam gezer meýhana küýzesi,
Jennet-jähennem kisede, zybanda iman öter.

Röwşen zulmata giriftar, bagtyýarlyk kandadyr
So:rma saky, diñle-gör kim, ozaldan beýan öter.

Sagadat tapdy Süleýman garynja söhbetinden,
Soltany-Köwneýden özge her möhür--soltan öter.

Jan beren Janandan gaýra kim añar ahwalymyz?
Jan beren Janandan aýra düşmesin, bu jan öter...

♧ Sözlük:
*dili-nadan - nadan göwün
*baky - ebedi, galan, yzda galan
*ebri-syýa - gara bulut
*ba:r - miwe
*şimşir - gylyç
*desti-hat - gol, el haty, keşde
*baran - ýagmyr
*mugtat - bir endige juda bagly kişi, tussag,
*taýretmek - uçmak
*düýt - duman, tüsse
*mutryp - sazanda, bagşy
*za:g - garga
*Sebgul-mesany - Kurany-Kerimiñ Alham süresi
*haryj - daşary, daşarda
*nil - gök reñk, Müsürde ýerleşýän uly derýanyñ ady (Gadym Müsür ynanjynda örän mukaddes hasaplanan derýa)
*hefti-reñ - ýedi reñkli; heft-çehre - ýedi suratly
*senem - but, kult
*ez Müsür - Müsürden
*fettan - pitneçi, şeytan
*piri-mugan - ýaşuly, halypa, meýhana sakysy
*methiýe -tarypnama
*handan - gülýän kişi, güler yüz
*Soltany-Köwneýn - Her iki älemjahanyñ Soltany

© Taýmaz SEÝIDOW.

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir