ON ÜÇ

Ýalançy sen - Azazylyñ ganjygy.
Görip sen - gäwüriñ haram doñuzy.
Gybatçy sen - jähennemiñ maýmyny.
Töhmetçi sen - Bafomediñ geçisi.
Ikiýüzli, arabozar eşek sen.
Ilki halymsyrap öten-geçene
Senuber ýalyny aldawa salyp
Arkasyna hopba bolandan soñra
Düşmän ýören mahluk rudapaýlaram
Ger seni görseler owarra bolup
Gaçyp giderdiler Mugan çölüne...
Sen Ýezit bolsañam Hüseýinleriñ
Ganyn döküp baýnap gezerin öýtme.
Sen Haman bolsañam her faraonyñ
Musasynyñ çykýanlygny unutma.
Degmedige degmezmişin ýylanam
Sen görenñi çakýan ýylan bolsañam
Musañ hasasynyñ aždarha dönüp
Unutma bir demde ýalmajagyny
Sen bilmeseñ bilme,
Hudaý bilýändir
Parhy ýok ~ dost-duşman,
Kim bolsa bolsun!
Bir ýerde sözümiz ters düşdi diýip
Özgäñ ýeñsesinden gybatyn edip
Üstünden ýañsylap gülmejegimi...
Şükür, geçip dursa günler-aýlaram
Wagt aýyl-saýyl eder bar zady
Şonuñ üçin edeniñi et häzir
Piñime-de alamok men her zady.
Aýbaşysy gelýän aýallañ ýüzne
Meñzäp duran gowuşgynsyz ýüzüñi
Babaly görsün diýp gargynmasam-da
Ýaýradan gybatlañ, eden töhmetleñ
Günäsiniñ çykmaz ýaly çagañdan
Jezasyny çekmezden öñ magşarda
Eliñ bilen edeniñi dirikäñ
Egniñ bilen çekmegiñi isleýän.
Bilýän, menem perişde deý tämiz däl
Ýa bolmasa pygamber däl,
öwlüýä däl.
Emma meniñ näme günäm bolsa-da,
Dergähine keremi bol Kerimiñ
Baryp bilmez ýaly ýüzigara däl.
Meniñ ýagşy-ýaman amallaryma
Tañryñ kätip bellän perişdelerniñ
Ornuna bihuda dalaş eýleýäñ
Däldigin bilseñ-de bu iş çen-çakyñ...
Ol günäleñ agramyny başgalañ
gerdenine däl-de, hut meñ özümiñ
Arkama hopbalap magşar gününe
Äkitjegim görnüp durka, nämüçin
Öz arkaña mas edilip ýüklenen
Etmişlerñe kaýyl bolman özgäniñ
Günäsine topulşyña geñ galýan.
Hawa,
utanmasañ näme diýseñ diý
Şeýtanyñ yrany özünki bormuş
Goý, seniñki bolsun ynandyranyñ.
Kim seniñ maskaly darzablar kimin
Görkezýän hokgalañ parhyna baryp
Uruşman-sögüşmän ýanyñdan gaçsa
Daşyña toplanşan güjükleriñe
Ýepbeklet,
Soka sal,
Bir-birden döwdür.
"Hakdan halaty bar,
Arşdan ylhamy!"
diýip, ýok adamyñ keşbin döredip
Özüñi öwdür!
Bir gün Sapar aýynyñ 13-i güni
Parlap dogan dolmuş ýüzli Aý ýaly
Hakykaty älem gören wagtynda
Utanjyñdan hin tapmarsyñ girmäge
Hökman çolaşarsyñ emelleriñe
Hem jogap berersiñ her aýdan sözñe
Ýandak bilen süpürersiñ gözüñi
Taýdyrmaga taýynlanan Taýmazlar,
Büdretmäge jan edilen Rahymlar,
Syndyrmaga synanşylan Wepalar
Sapalar, Aşyrlar, Kakamyratlar
Hydyrlar, Ylýaslar, Seýitmyratlar...
Ýene seniñ oslamaýan, oslaýan
Näçe kişiñ çykyp nurdan nesipsiz
Bisyrat ýüzüñe eden işlerñi
Bazyrdadarlar...
Sen şonda bilersiñ biziñ illeriñ
Çopanynyñ çolugy-da bolmaga
Mynasyp hormatyñ galmandygyny.
Sen şonda bilersiñ alys Afrikañ
Sümme tokaýlarny höwürtge eden
Adamhor taýpalañ Serdarjygyndan
Başga zat däldigñi...

© Has TÜRKMEN.

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir