▶ GAZAGYSTAN TÜRKMENLERI

Gazagystanda ýaşaýan türkmenleriñ taryhy entek doly öwrenilenok. Biz Syrderýa ýakasyndaky raýonlaryñ türkmen halkynyñ ir döwürde ýaşan ýerleridiginden habarly. Şol ýerlerde Täze we Köne Guzystanyñ taryhy çeşmeleri, olatyñ paýtagty Ýañykent ýerleşipdir.
Oguzlaryñ döwletinde köp wagtlap salyrlar taýpasynyñ (salyr, salgyr, salar) syýasy ýolbaşçylygy güýçli bolupdyr. Soñra onuñ ornuny türkmeniñ gynyk taýpasy eýeläpdir. Seljuklar dinastiýasy hem gynyklaryñ döreden dinastiýasydyr.
"Oguznamanyñ" Mehmet Neşri tarapyndan ýazylan wariantynda Oguz döwletindw häkimligiñ Kaýy taýpasynyñ elinde bolandygy, soñra salyrlaryñ eline geçendigi hakynda aýdylýar:

"Patyşalyk Kaýynyñ (Kaýy han) we onuñ ogullarynyñ elinde. Olar ony asyrlap arkama-arka geçirip gelýärler. Ahyrda (häzirlikçe) Salur neberesine, Oguz hanyñ çep syrgynyndan bolan ogly Taga hanyñ oglunyñ eline geçdi. Muhammet pygamberiñ (s.a.w) döwründe we musulmançylykdanam öñ salyr neberesi bilen Eýran hosrowlarynyñ - şalarynyñ arasynda köp çaknyşyklar we gandöküşikli söweşler bolup geçdi. Soñra Abbasidleriñ patyşalyk süren döwründe, (eýýäm) Taç hanyñ ogly Salurdan (ölenden soñ) Japak han biri şa boldy. Onuñ Gara han diýen lakamy bardy. Ol yslamy kabul eden türki halklaryñ ilkinjileriniñ biri boldy. 300-nji hijri ýylynda (999 ý) iki müñ öýli adam yslamy kabul etdi we musulman boldy. Şonuñ üçin hem olary "türkiman" diýip atlandyrdylar. Uzagyndan bu söz gepleşik dilinde gysgalyp, "türkmen" boldy. Şol döwürden bäri hem "türkmen" diýen at bar.
Salyrlar bilwn goñşuçylykda ýaşan Gypjak taýpalary olara täsirini ýetiripdir. Abulgazynyñ "Türkmenleriñ nesil daragty" kitabynda tekeleriñ, saryklaryñ we başga-da ençeme türkmen taýpalarynyñ nesilleriniñ gaýdan adamsy Salyr Gazanyñ ata başga doganynuñ, ejesi Jajyklynyñ beçeneg hany Toýmadykdan alan oglunyñ bolandygy hakynda aýdylýar. Salyrlaryñ we beýkeki taýpalaryñ goşulyşy hakynda Abulgazy olaryñ syýasy ýolbaşçylygy dogrusynda gürrüñ berende-de aýdýar. "...haçan-da Salyrlaryñ birini şa saýlanlarynda Salyr urugy, Imir urugy we başga-da az sanly uruglar oña goşulyşypdyrlar".

Halk rowaýatlaryna görä, Hoja Ahmet Ýasawynyñ döwürlerinde Salyrlaryñ Garaman we Akman nebereleri Türküstan raýonynda ýaşapdyrlar. Soñra Nurata daglarynyñ sebitine, häzirki Türkmenistanyñ territoriýasyna we Hytaýa göçüp gidipdirler. Salyrlaryñ Karatau eteklerinden we Syrderýanyñ orta akymyndan göçüp gaýtmagyna beçeneg taýpalarynyñ çozuşlary sebäp bolupdyr.
Gazagystanyñ territoriýasynda salyrlar bilen bilelikde beýleki türkmen taýpalary, mysal üçin, goýunlar taýpasy ýaşapdyrlar. Soñra ol taýpany garagoýunly diýip atlandyrypdyrlar. Taryhy çeşmelerde bar bolan maglumatlara görä, garagoýunly taýpasy XIII asyryñ başyna çenli Kazygurt dagynyñ sebitlerinde ýaşapdyr.
Syrderýanyñ orta akymynda we Karatau eteklerinde ýaşan türkmenler XII asyrda uly göçhä-göçlügiñ täsiri bilen Türküstandan gaýdypdyrlar, olaryñ uly bölegi häzirki Türkmenistanyñ territoriýasyna, Mawerannahra göçüp gelipdirler.
Şeýle-de bolsa, türkmenleriñ belli bir bölegi ýurdunda galypdyr. Häzirki wagtda olaryñ bir bölegi Günorta Gazagystan oblastynda ýaşaýarlar. Olar öz ata-babalarynyñ Türküstan sebtinde Çoýdepe ww Guldepe diýen ýerlerde ýaşaýandyklaryny ýatlaýarlar. Olaryñ arasyna baryp gaýdan S.G.Agajanow Atabaý posýologynyñ ýakynyndaky Şaş-depede ýaşaýan akmanlaryñ ata-babalarynyñ aslynda Saurandan göçüp giden türkmenlerdigini anyklady.
Günorta Gazagystan oblastynda ýaşaýan teke türkmenleriniñ gürrüñine görä, ata-babalary Hoja Ahmet Ýasawy döwründe Türküstan şäherinde ýaşapdyrlar. Tekeler şäher ýasawullarynyñ wezipesini ýerine ýetiripdirler, şoña görä-de, olara derwazlyk diýip atlandyrypdyrlar. Birnäçe wagtdan soñ olar ol ýerden göçüpdirler we Karaçyk çeşmesiniñ boýunda ýurt tutunypdyrlar. Teke türkmenleri bu ýere kanal çekipdirler we daýhançylyk bilen meşgullanyp başlapdyrlar. Häzir şol türkmenleriñ nebereleri Türküstan raýonynyñ Krupskaýa adyndaky kolhozynda ýaşaýarlar.
Häzirki zaman etnografik statistik maglumatlara görä, türkmenler häzir Gazagystanyñ Gurýew, Çimkent, Garaganda oblastlarynda, şeýle Alma-ata şäherinde (1989-njy ýylyñ ilat ýazuwynyñ maglumatlaryna görä, degişlilikde 313, 553, 1222 we 402 adam) ýaşaýarlar. Türkmenleriñ aglaba bölegi Gurýew oblastynda şäher ýerinde ýaşaýan bolsalar, Garaganda we Çimkent oblastlarynda oba ýerinde ýaşaýarlar.
Gazagystandaky ýaşaýan türkmenleriñ durmuşyndaky ýene bir aýratynlyk ol hem erkek adamlaryñ aýallara görä 1,5-2 esse köplügidir. Mysal üçin, 1989-njy ýylda 2972 erkek adam, 874 aýal bar ekeni. Diñe Çimkent oblastynyñ oba ýerlerinde ýaşaýan türkmen erkek we aýal adamlarynyñ sany deñeçerräk gelýär.
Ýene bir aýratynlygy, ol hem gazagystanly türkmenleriñ ýerli halkyñ dilinw has uýgunlaşandygydyr. Mysal üçin, 1970-nji ýylda şol ýerde ýaşaýan türkmenleriñ 78,3 prosenti türkmen dilini ene dili hasaplan bolsa, 1989-njy ýylda diñe 71,6 %-i türkmen dilini ene dili diýip bilýär. Bu görkezijiniñ 1979-njy ýylda has pese gaçmagy (60,5 %) ýörite öwrenilmegine mätäçdir. Her näme-de bolsa 1979-njy we 1989-njy ýyllar aralygynda Gazagystanda ýaşaýan türkmenleriñ sany 71,6 prosent artypdyr.


Marat DURDYÝEW,
Şöhrat KADYROW.

◆ ◆ ◆

Goşmaça peýdalanmak üçin çeşmeler:

1. M.Durdyýew, Ş.Kadyrow "Dünýädäki türkmenler" (taryhy-demografik syn), Aşgabat, "Harp", 1991 ý;
2. Агаджанов С.Г. "Очерки истории огузов и туркмен в Средней Азии IX-XII вв." Ашхабад-1969;
3. Агаджанов С.Г. "Средневековые этнонимы названия "туркмен" / Проблемы этногенеза туркменского народа", Ашхабад-1977;
4. Гадельшин Г.Ф. "Пут туркменский кочевников к социализму", Ашхабад: Туркменистан, 1987;
5. Зарубин И.И. "Список народностей Туркестанского края" (Труды Комиссии по изучению племенного состава населения России и сопредельных стран. вып. N"9). Л., 1925;
6. Кармышева Б.Х. "К этнической истории туркмен Среднеазиатского междуречья // Туркмены и Среднеазиатского междуречье". Ашхабад-1989;
7. S.G.Agajanow "Oguzlar", Türkiýäniñ "Ötüken" neşirýaty.

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir