Hormatly Prezidentimizin öz halkyna sowgat eden "Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy" atly kitabynda halkymyzyň dünýä halklaryna goýan belent sarpasynda milli aýdym-saz sungatymyzyň uly ähmiýetiniň bolandygyny beýan eden belli ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň "Şükür bagşy" atly powesti esasynda kinorežissýor Bulat Mansurowyň surata düşüren adybir çeper filmi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Mundan elli ýyldan hem gowrak wagt ozal tomaşaçylara görkezilip, dünýäniň ençeme abraýly kino festiwallarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan çeper filmi tanymal kompozitor Nury Halmämmedowyň milli öwüşginlere ýugrulan ajaýyp sazlary özboluşly bezeýär. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda meşhur kompozitoryň ussatlygy barada şeýle diýýär:  "Filmiň sazyny döreden ussat Nury Halmämmedow hem türkmen sungatyna müdimi ýadygärlik galdyrdy. Nury Hälmämmedow çaksyz zehinli milletiň ruhy taýdan belentligini saz bilen dünýä çykardy. Şeýdibem özüne-de, halkymyza-da adamzat gymmatlygyndan miras goýdy. Ol biziň milli sungatymyzy şöhratlandyrdy". Şeýle ajaýyp jümlelere örklenip, golaýda bize meşhur kompozitoryň öýünde myhmançylykda bolup, maşgalasy Gülsoltan Halmämmedowa bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi.  Gülsoltan gelneje bizi mähir bilen garşylap, özboluşly muzeýe çalym edýän ussat kompozitoryň ýaşan öýünde saklanylýan, onuň heniz dirikä günde-günaşa ajaýyp sazlary çalan we döreden pianinosyny görkezip:"Ine, bu Nurynyň galdyryp giden belent mukamlary özünde jemleýän taýsyz hazyna" diýdi. Bu otagda kompozitoryň dürli ýyllarda düşen fotosuratlary, okan edebiýatlary saklanylýar. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde ýaşlara kino sungatynyň inçe syrlaryny öwretmekden ruhy lezzet alýan Gülsoltan gelneje uzakda galan ýaşlyk ýyllaryny ýatlamaga başlady:  - Çagalykdan jadyly kino sungatynyň çyn muşdagy bolamsoň, ozalky Leningrad, häzirki Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýän Kino inženerçilik institutyna okuwa girdim. Newa derýasynyň boýunda ýerleşýän ajaýyp şäher güneşli Türkmenistandan okamaga gelen gyz üçin örän täsindi, gyzyklydy. Instituty tamamlanymdan soňra, dogduk diýara dolanyp, şol wagtky kinostudiýada işe başladym. Şol ýyllar meşhur artist we kinorežissýor Alty Garlyýew "Aýgytly ädim" atly çeper filmi surata düşürýärdi. Bu ajaýyp kino eserini saz bilen bezemek bolsa şol döwürde zehinli kompozitor Nury Halmämmedowa ynanylypdy. Biz onuň bile günde-günaşa duşuşýardyk, gürleşýärdik. "Şükür bagşy" atly çeper filmi ajaýyp sazlary bilen bezän Nury sada göwünli hem-de işjanlydy. Onuň bar gürrüňi saz barada bolardy. Ol köp öwüşginli milli aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmaga bolan ak arzuwlar bilen ýaşaýardy. Meniň kino sungatyna bolan çäksiz söýgim, onuň aýdym-saza bolan söýgüsi bizi ruhy taýdan biri-birimize ýakynlaşdyrdy.  Gahryman Arkadagymyz "Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy" atly kitabynda kompozitor Nury Halmämmedowy ýagşylykda ýatlap, onuň umman ýaly döredijiligi barada aýratyn belleýär. Hormatly Prezidentimiz gysga wagtyň içinde halkymyzyň söýgüsini gazanan bu kitabynda: "Magtymguly, Nury Halmämmedow, Gurbannazar Ezizow dünýäniň ruhy mirasynda halkymyz üçin uly ýadygärlik galdyrdylar" diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu nurana jümleleri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, zehinli şahyr Gurbannazar Ezizowyň, ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň dünýäniň ruhy mirasynda özboluşly orna - belentlige eýedigini aýan edýär. 1973-nji ýylda oglumyz Aşyrberdi dünýä indi. Şol döwürde Nura kinorežissýor Alty Garlyýewiň surata düşürýän "Mukamyň syry" atly çeper filmini saz bilen bezemek ynanylypdy. Ol gije-gündiz diýen ýaly halk aýdym-sazlarymyzy içgin öwrenýärdi. Ýüreginde besleýän ak arzuwlarynyň biri öz halkyna miras galjak ajaýyp kino eserini gaýtalanmajak owazlar bilen bezemek bolansoň, ol arman-ýadaman işlärdi. Bäbekhanadan öýe gaýtmaly günümiz Alty Garlyýew Nuryny ýanyna çagyryp, ony ogul perzendi bilen gutlapdyr, onuň ulagsyz kösenmezligi üçin öz gulluk ulagyny berýändigini aýdypdyr. Bäbekhana gelen Nurynyň bagtdan ýaňa ýüzüniň nurlanandygyny görüp, has-da şatlandym. Biz şeýle bagtly duýgular bilen öýe dolandyk. Bu wakadan bäri ençeme ýyllar geçende bolsa, şol pursatdaky Nurynyň nurana keşbi hemişe göz öňümde janlanýar.  A. Garlyýewiň surata düşürýän "Mukamyň syry" atly çeper filmi milli aýdym-saz sungatymyzyň jadylaýjy owazlary baradady. Döredijilikde diýseň talaplar bolan Nury bu kinofilmde ýerine ýetiriljek aýdymlary aýtjak zehinli aýdymçylary gözleýärdi. Ol şol döwürde adygan estrada aýdymçysy Annaberdi Atdanowy öýe çagyryp, onuň bilen şol çeper filmde ýaňlanjak aýdymlary içginden-içgin özleşdirýärdi. Annaberdi Atdanowyň saz ugrundan ýörite bilimi bolmansoň, Nury oňa köp zatlary öwredýärdi. Ol bu aýdymçynyň gaýtalanmajak zehinine aýratyn sarpa goýýardy. Käwagtlar tä ýary gijä çenli dowam edýän doredijilik işleri gaýtalanmajak owazlara baý täze aýdymyň döremegine sebäp bolýardy. Bir gün ýary gije Nurynyň Annaberdi Atdanow bilen täze aýdymy özleşdirýän pursady, oglumyz Aşyrberdi ukudan oýanyp, aglap başlady. Biz onuň naşyja sesine guwanyp, täze çeper filmi bezejek üçünji bir sesiň peýda bolandygyny aýdyp gülüşdik. Şeýle wakalar Nurynyň aýdym-saza örküni örklän ömründe birnäçe gezek gaýtalanypdy. Bir gün bize belli aýdymçy Bibi Welmyradowa myhmançylyga geldi. Nury Bibi Welmyradowada çeper filmde ýaňlanjak aýdymlaryň birini aýtmagy ynanypdy. Edil Annaberdi Atdanow ýaly, Bibiniň hem aýdym-saz ugrundan ýokary bilimi ýokdy. Ol doga zehinli aýdymçy diýilýän aýdymçylaryň biridi. Şol sebäpli ol "Mukamyň syry" atly çeper filmiň baş gahrymany - zenan bagşy  Karkaranyň aýtmaly aýdymyny öwrenýärdi. Adaty endigine eýerip, Nury pianinonyň başyna geçýärdi. Täze aýdym ilik-düwme diýen ýaly öwrenilýärdi. Nurynyň aşa talapkärligi bilen Bibi Welmyradowa bu aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.  Bir gün Nury daň-säherde ukudan oýandy. Uzak gijeler saz döredýän Nurynyň daň-säherde ukudan oýananyna geň galdym. Ol gije ýa gündiz bolsun, tapawudy ýok, birden bir owaz ýüregine dolsa, şobada ony nota geçirýärdi. Şol sebäpli onuň üçin bellibir wagt ukyňy almaly diýen zat ýokdy. Ir säherde ukudan oýanan Nurynyň nämedir bir zady gürrüň bermäge çemeleşýänini aňyp, onuň ýanyna bardym. Ol: "Gülüm (ol maňa Gülüm diýip ýüzlenerdi), men düýş gördüm. Düýşümde owadan köşkde ajaýyp saz diňledim" diýdi. Aýdym-sazsyz durmuşy göz öňüne getirip bilmedik ýanýoldaşymyň gören düýşüni oňatlyga ýordum. Sebäbi Nury hemişe täze-täze eserleri bilen il-gününi begendirmek isleýärdi. Bu isleg-arzuw ony öz erkine goýmaýardy.  Köplenç, ol aýdym-saz baradaky oý-pikirlerini ilki meniň bilen paýlaşardy. Şonda men ýanýoldaşymyň diňe türkmen aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny ezber bilmän, eýsem, dünýäniň saz medeniýetinden hem düýpli baş çykarýandygyna göz ýetirdim. Nury egsilmez arzuwlar ummanyna çümmegi halaýardy. Ol maňa: "Milli folklor giden bir geçmiş. Türkmen halk aýdymlary şeýlekin çylşyrymly, üstüne ritmikasy-da özboluşly. Olar dünýäniň kämil sungat eserleri. Dogrusy, meniň üçin halk sazlary gory egsilmez çeşme, parlaýan altyn çyrag. Bu mukamlardan ömürylla ganjak gümanyň ýok" diýýärdi. Onuň ýürek kelamy bolan sözler dosty, şahyr Gurbannazar Ezizow bilen bilelikde taýýarlan söhbetdeşliginde hem öz beýanyny tapdy. Nurynyň döreden sazlary "Şükür bagşy","Aýgytly ädim","Magtymguly","Keçpelek","Mukamyň syry","Kärizgenler","Gorkak batyr" ýaly çeper filmlerde özüniň kämilligi, täsinligi bilen dünýäniň aýdym-saz muşdaklarynyň göwünlerini galkyndyrdy. Onuň bize galdyran egsilmez saz mirasynyň içinden milli öwüşgine baý eserler eriş-argaç bolup geçýär. Nury aramyzda ýaşap ýörende, şu ýyl segsen ýaşy arka atmalydy. Nury ýaşan ömründe halkyň ýüregine ajaýyp owazlardyr mukamlar bolup girip gitdi.  Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan ussatlarymyzyň döredijiliginiň içgin öwrenilmegine uly üns berýär. Kompozitor Nury Halmämmedowyň umman ýaly çuňňur döredijiligine bolan gyzyklanma barha artýar. Aýdym-saza uly sarpa goýýan maşgalamyzyň adyndan hormatly Prezidentimize ene ýüregimden çäksiz alkyş aýdýaryn. Meretgylyç Ýagmyrow, "Edebiýat we sungat" No 5 (4172) 2018.02.02 Elektron görnüşe geçiren we ýüklän: AHALLY

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir