Güller Ataýewa Doga edip dakynypdym adyñy, Menzile ÿetmankam aldyň badymy. Ÿüregimde ÿakan yşgyň oduny, Ÿel-ÿagmyr söndürdi külleri galdy. Adyň dillerimde edinip sena, Men saňa boljakdym mizemez bina. Aňmadym, bilmedim kimde-di günà, Gòzlemde gòzleriň yzlary galdy. Ganatymy gyrdyň uçsam guş bolup, Ÿitdiň gitdiň meň kalbymdan daş bolup. Hasrata duş bolup, didàm ÿaş bolup Bize aÿralygyñ ÿollary galdy. Apalan yşk mülküm gezdiň depelàp, Mukaddes söÿgümiň adyny hapalap, Gitdiň, soňsuz ÿola yzyňa garap, Namut gòreçlerimiň ÿaşlary galdy... Ÿürek ÿaralarymyň kesmegin sarap, Çeken ezÿetlerimiň yzlary galdy.

Köneler, Gurban93 tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir