Garaşsyzlyk ýyllaryna ýaňy aýak basan ýurdumyzda ýagny, 1991-njy ýyllarda ýazyjy şahyrlaryň arasynda hem dürli wakalar sebäp boldy. Näme üçindir özbaşdaklygy islemeýänlerem boldyka?.. Meniň size ýetirjek meseläm bu ýagdaýlar dogrusynda däl-de, ýazylan eserleriň çapdan çykyşy we gozgalýan idealar dogrusyndadyr. Esasanam türkmen poetikasynda detektiw we taryhy eserler dogrusynda ýazmagy özüme makul bildim. Çünki soňky ýyllarda bu ugurlara näçe üns berilse hem žanyr başyny başlaýjylar barada ýüzleý bolsa-da öwrenilmeýär  ♧ÖKTEM EMINOW we türkmen edebiýaty barada ýazylýan wagty köp okyjylar "Öktem Eminow kimkä?" diýen pikiri onuň eserlerine garanyňda has köp ederler. Çünki bu ýazyjy halk köpçüligine öz meşhur eserlerini ýaýratsa hem soňky nesiller tarapyndan ürç edilip okalmady, ulular tarapyndan içgin düşündirilmedi. Biziň edebiýatymyza XX asyryň ortalaryna roman žanyry gelende, köp ýazyjylar şol žanyr boýunça birnäçe meşhur eserlerini döretdiler, meşhurlyk gazandylar. Gynansagam, detektiw eserleri welin döretmäge howlukmadylar. Ýöne Ö. Eminow öz ömrüni tutuşlygyna şu ugura bagyş etdi diýsek, ýalňyş bolmaz. Çünki onuň döredijiligine ser salanyňda, "Gaýtadan gozgalan iş", "Berk dur, Begnazar!", "Aýratyn howply", "Üçünji açar", "Töhmet" we "Edermenlik saýmaly ölüm" ýaly kitaplaryna duş gelýäň. Onuň eserler kitap hökmünde 1991-njy ýyllarda halk köpçüligine has köp ýaýradyldy. Onuň birnäçe eserleri respublika konkurlarynda baýrakly orunlara mynasyp boldy.  Onuň döreden eserleriň has-da özüne çekiji ýeri eserdäki wakalaryň we jenaýatyň gozgalan ýerleriň biri-birleri bilen içgin baglanyşmagydyr. Mysal üçin: Ýazyjynyň eserleriniň baş gahrymany bolan Haýytguly Möwlamberdiýew ähli wakalaryň içinde çözüji, jenaýatçylykly işleri derňeýän adam Içeri işler ministrligine degişli organ işgäri bolup özüniň kyn meseleleri dogrusynda dartgynly wakalary beýan edilýär. Onuň ýoldaşlary hem Haýytguly bilen şol eserleriň ählisinde rol alýarlar, onuň iş wezipelerine görä gatnaşykda bolýarlar..  Eserlerdäki gahrymanyň tapawutly ýeri hokmünde, her eserleri aşakdan ýokary yzarlap gitsek, şol ýerdäki baş gahryman H. Möwlamberdiýewiň her eserde harby derejesiniň ýokarlanandygyny, iş tejribesiniň beýleki eserler garanyňda kämilleşýändigi bilen tapawutlanýar. Biz ol eserleriň käbirleri barada gysgaça, beýän edip geçsek okyjylar üçin höweslendirme bolup biler diýen umyt bilen size ýetirýäris. ♢ "Gaýtadan gozgalan iş" diýen eseriň adyndan belli bolşy ýaly ýaňy iş başyna gelen ýaş Haýytguly Möwlamberdiýew birnäçe ýyl mundan ozal, Lebap topraklarynda derňew işleriniň netije bermezden ýapylan iş delosyna arhiwde gabat gelýär we şol jenaýatçylykly işi çözmek üçin ýolbaşçylaryna haýyş edip öz üstüne ýüklenmegini gazanýar. Ol Lebap topragyndaky jenaýatçylykly wakany çözmäge girişen wagtynda birnäçe dartgynly wakalar bilen gabatlaşmaly bolýar. Netijede ol gaýtadan gozgan işinde hakyky jenaýatçyny tapýar we kanun öňünde jezasyny çekmegi gazanýar. ♢ "Üçünji açar" diýen eseri hem iki tomlukdan ybarat bolup, mundaky wakalar ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly "Gaýtadan gozgalan iş", "Berk dur, Begnazar!", "Aýratyn howply" eserleriň dowamydyr. ... Oba mugallymy, söwda işgäri, kolhozyň buhgalteri, uruş weterany balyk tutmaga gidýärler. Jokrama yssyda  salkyn yssyda ýatyp galýarlar. Tursalar Ödegurban (uruş weterany) ýok. Birnäçe günden soňra onuň meýdi derýadan tapylýar. Hossarlary onuň kast edip öldürendigini subut etmek üçin köp işikleri kakmaly bolýar. Netije ýok.  Üstünden iki ýyl geçen işi derňemek öňki eserlerden size tanyş bolan sülçi Haýytgula tabşyrýarylýar. Derňew örän uly wakalaryň üstünden eltýär. Olary subut etmek gahrymana aňsat düşmeýär... ♢ "Töhmet" romanyndaky wakalar Kerki şäherinde bolan öý ogurlygyndan başlanýar. Wakalar ýaýbaňlanýar. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Hojambazyň çetki obalarynyň birinde tut agajyndan asylan ýalaňaç adam meýdi... Eýsem, bu wakalarda baglanyşyk barmy? Elbetde. ♢ "Edermenlik saýmaly ölüm" diýen eserde meşhur Halyma Rozybaýewanyň öldürilendigine degişli, ozal hiç ýerde äşgär edilmedik jikme-jiklikler bilen tanşyp bilersiňiz. Eser respublikan konkursda hem baýraga mynasyp bolupdy. Aýanlyk döwri başlaýança aýan bolmadyk bulam-bujarlyklar wagtynda näme üçin gizlenipdir? Şu we şuňa meňzeş birnäçe sowallary eseri okamak arkaly jogap tapyp bilersiňiz  Umuman, detektiw eserleri okamak hem özbaşyna gyzykly, inçe wakalary ünsli seretmäge we özbaşdak ýaşaýan ömrümizde uly ýardam berk ruhy çeşmedir... Dowamy bar... Şamuhammet Orazmuhammedow

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir