«Aşgabat-2017» oýunlarynda türkmen saçagy giňden ýazylýar. «Aşgabat-2017» oýunlarynyň ýaryşlary bilen birlikde, ondaky aşhana hyzmatlary-da örän ýokary taýýarlyklydyr. Ondaky tagamlar bäş ugur boýunça taýýarlanylýar. Çünki türkmen topragyna gelen myhmanlar yklymyň, dünýäniň çar künjeginden. Şeýle bolansoň, oýunlarda hödürlenýän tagamlaryň sanawynda öz milli tagamlarymyz bilen birlikde meşhur, halal we wegetarian naharlary bar. Olaryň süýji we tagamly taýýarlamak babatda öňünden edilen aladalar juda ýerine düşüpdir. Çünki gelen myhmanlar ýerli habarçylaryň we dünýä habarçylarynyň aşpez hyzmatlary bilen bagly berýän sowallaryna örän kanagatlanarly jogap berýärler. Ertirlikdir günortanlyk, agşamlyk naharlaryň, guşlukda hödürlenýän çaý, kofe ýaly hyzmatlaryň özlerini örän kanagatlandyrýandygyny guwanç bilen gürrüň berýärler. Aýratyn-da, myhmanlar türkmen palawy, dograma ýaly milli tagamlaryň örän datlydygy, özlerine ýarandygy hakda aýdýarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň aşhana hyzmatlarynyň ýokary hilde bolmagy babatda öňünden edilen aladalar ýerine düşüpdir. Çünki milli tagamlar bilen birlikde, başga milletiň tagamlaryny taýýarlaýan aşpezler öňünden ýörite okuwlar geçdiler. Olar okuwlarda şol tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklaryny inçe syrlaryny öwrendiler. Bu bolsa olara «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşýan myhmanlara süýji tagamlary hödürläp, türkmen myhmanparazlygynyň belent nusgasyny görkezmäge giň mümkinçilik berýär. Taýýarlanan datly tagamlary myhmanlara hödürleýän aşhana işgärleri medeniýetli hyzmat edýärler. Hoş sözlülik, güler ýüzlülik türkmen myhmansöýüjiliginiň milli aýratynlyklarydyr. Bu aýratynlyklary duýýan myhmanlar Türkmenistana iş saparlarynyň ýatdan çykmajak täsirli waka öwrüljekdigine ynanýandyklaryny aýdýarlar. Irden we öýlän guşluk çaglary kofe we çaý içmek, ýeňil naharlanmak üçin hödürlenýän hyzmatlar hem talabalaýyk. Ol ýerlerde hyzmat edýän oglan-gyzlar «Aşgabat 2017» oýunlarynyň myhmanlarynda ýakymly duýgulary galdyrýarlar. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp künjeginde gurlan Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň her birinde edilýän aşhana hyzmatlary örän talabalaýyk. Sport desgalaryndaky, türgenlerdir tälimçileriň, myhmanlaryň ýaşaýan binalarynda aşhana hyzmatlarynyň guramaçylygy türkmen myhmansöýerliginiň nusgasydyr. Geçmişde äleme äşgär bolan türkmen myhmansöýerligi bu gün ýene äleme dolýar. Myhmansöýerlik — ynsany bezeýän häsiýet. Bu häsiýet giňden ýazylan türkmen saçagynyň rysgal-berekedini artdyrýar. «Ber, berekediň artar» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Ikilenç myhman bolup gelen kişä «Saçagymyzyň rysky çekendir», «Duz nesibesi bardyr» diýilýär. Bu günki türkmen topragyna duz-nesibesi çekip gelen myhmanlar ýene-de bu topraga myhman bolmaga şatdyklaryny artýarlar. Edilýän hyzmatlar, kalplaryň päkligi, ak ýüreklilik myhmanlarda şeýle ýakymly duýgulary oýarýar. Seniň ýaly ýakymly täsirler türkmen saçagynyň berekedinden we mukaddesliginden gözbaş alýar. Türkmen saçagy yklymyň dostana adamlaryny daşyna jemläp, olara süýji naz-nygmatlary bilen mähir paýlaýar. Mukaddes türkmen saçagynyň başynda dostluk-doganlyk, parahatçylyk we ynsanperwerlik hakda ýakymly söhbetler edilýär. Şeýle bolansoň, saçagymyzyň berekediniň has-da artjakdygyna berk ynanýarys. Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasatlary biziň her birimiziň ojagymyza döwletlilik, saçaklarymyza rysgal-bereket eçilýär. Her bir ojagyň saçagynyň berekedi — külli türkmeniň mukaddes saçagynyň berekedidir. Olimpiýa şäherçesiniň ençeme ýerinde we onuň her bir sport desgasynyň içinde tomaşaçylar üçin azyk söwda nokatlary ýerleşýär. Ol söwda nokatlarynda islegli harytlar halka hödürlenilýär. Tomaşaçylar üçin üç ýerde ýörite garbanyşhana bolup, olarda milli tagamlardyr islegli naharlar bişirilip, müşderilere ýokary medeniýetli hyzmat edilýär. Olimpiýa şäherçesinde gurlan ýörite restoran hem tomaşaçylara hyzmat edip, ondaky müşderilere edilýän hyzmatlar hem örän medeniýetli alnyp barylýar. Bu azyk söwda nokatlarynda, garbanyşhanalarda we restoranda tomaşaçylara edilýän hyzmatlar örän, guramaçylykly alnyp barylýar. Sport oýunlaryna tomaşa etmäge gelen ildeşlerimiz özleri üçin edilýän bu hyzmatlardan hoşal bolýarlar. Umuman alanymyzda, Olimpiýa şäherçesiniň içinde bolup, myhmanlara we tomaşaçylara ýol görkezýän meýletinçiler toparynyň agzalarydyr ýörite gulluklaryň, arassaçylyk ulgamynyň işgärleri üçin hem oňaýly şertler döredilen. Olaryň çaý, suw içmegi, garbanmagy üçin niýetlenen nokatlarda edilýän hyzmatlar hem ýokary guramaçylyga eýedir. Watanymyzyň giňden ýazylan saçagynyň başynda myhmanlara, dost-dogana mydama orun bardyr. «Aşgabat 2017» oýunlarynyň myhmanlaryna ak ýürekden edilýän hyzmatlar geljekde-de saçaklarymyzyň berekedini artdyrsyn!

Köneler, yashalym tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir