Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary gije-gündiziň dowamynda myhmanlara we ýaryşlara gatnaşyjylara dürli meseleler boýunça kömek berýän ýüzlerçe hünärmenlerden işiň ýokary netijeliligini talap edýär. Şeýle giň möçberli çärelerde lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy möhüm zerurlyk bolup durýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli işgärleri hut şeýle wezipeleri ýerine ýetirýärler. Şu günler “Aşgabat-2017” oýunlary guramaçylykly dowam edýär. Bu oýunlara gatnaşyjy türgenlere we myhmanlara ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Olimpiýa şäherçesinde bina edilen ýörite Dikeldiş merkezinde gije-gündiziň dowamynda türgenlere we beýleki adamlara hyzmat edilýär. Radiologiýa, ýürek-öýken kesellerini anyklaýyş otaglaryny, wakum terapiýa, galwanoterapiýa, ultra ses we fizioterapiýa barlaghanalaryny öz içine alýan bu merkezde ähli işler sazlaşykly ýola goýlandyr. Merkezde oftolmologiýa, stomatologiýa, geotologiýa, psihiatriýa, ginekologiýa we beýleki ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenler lukmançylyk hyzmatlary alyp barýarlar. Olimpiýa şäherçesiniň içinde we onuň ýanynda hereket edýän lukmançylyk merkezleri öňdebaryjy tehnologiýalar, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Ýaryşlaryň giň gerimde dowam edýän häzirki günlerde olarda dürli görnüşdäki lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlenýär. Olarda ýeterlik tejribesi bolan lukmanlar işlemek bilen, myhmanlara göwnejaý hyzmat edýärler. Dikeldiş merkezinde halkara akkreditasiýany geçen tejribeli sport lukmanlary we beýleki hünärmenler bilen bilelikde sport lukmançylygy hünäri boýunça bilim alýan Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň meýletinçi-talyplary hem işleýärler. Bu bolsa hyzmatyň derejesine we netijeliligine oňyn täsir edýär.

Köneler, yashalym tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir