♣GADYMY ŞÄHER PARZDEPE 2016-njy yylyn 13-nji yanwarynda Ahal welayatynyñ kopetdagyn eteginde acylan "Parzdepanin"usti acyldy. Gadymy dowurlerde osen ekerancylygyn kamil suwarys ulgamynyñ bolandygyna sayatlyk edyan sudurlar bar. Bu yerde kariz gazmagyn ince tilsimleri ussatlyk bn ele alan meshur ussalaryn birnacesi nesilleri yasapdyr we doredipdir. Parzdepanin cakleride tapylan kuyze bolekleri keramika turbalar guyular gurulanda ulanylyan serisdeler bu yerde suwarysyn cylsyrymly usulynyñ bolandygyny karizler subut edyar. Olar yerastynda cunlukda cekilen otukler boyunca adamlary suw bn upjun edipdir. Bu yerde tapylan kuyze bolekleri X-XI asyra degislidir. Parzdepaniñ umumy meydany 3,2gektara barabar bolup onda Nusaýyn keramikasyna kybap kuyze bolekleri dus gelyar. Saherin gullap osen dowrunin Beyik Seljuk turkmen hokumdarlarynyñ dowleti bn baglansyklydygyny subut edyar. Alymlaryn pikirine gora yadygarligin duybindaki medeni gatlaklar onun miladydan ozalky V munyyllyga degislidigini subut edyar. Parzdepe orta asyrlarda gullap osen saher bolupdyr. Taryhcy alymlar Parzdepaniñ Parfiya dowletinin dowrunin degislidigini baradaky caklamany hem one suryar. Turkmen topragynyn durli dowurlerde siwilizasiyanyn osen merkezlerinin kuwwatly dowletlerinin we gullap osen saherlerin sol sanda yurdumyzyn caklerinde gecen Beyik Yupek yolunyn ugrunda yerlesen saherin bolandygyny sayatlyk edyan taruhy we medeni yadygarliklere oran baydygy bellenildi. ♣PARZDEPE alymlaryn goz onunde Parzdepe-Asgabat saherinin Abadan etrabynyn 7-8 kilomert g.o-g.b yerlesyan IV-III munyyllyklara degisli bolan taryhy yadygarlik. Bu yadygarligin taryhy bn ilkinji gyzyklanan we owrenen alymlaryn biri hokmunde A.A Marusenko hasaplanylyar. Ol 1930-njy yylda bu yadygarlikde gazuw agtarys islerini geciripdir. Alymlaryn pikirine gora bu yadygarlik taryhyn irki dowurlerine yagny b.e.onki IV munyyllyklara eneolit zamanyna degisli edilyar. Taryhcy alym Parzdepede maldarcylyk medeniyetinin osendigini we mallaryn durli gornuslerine ideg edilendigini oz isleride belleyar. Su yerde basga taryhy cesmelerde salgylanma arkaly bu taryhy yerde ilkinji bn goynun sonra iki orkucli duyanin we gecinin eldeklesdirilendigi aydyp bileris. A.A.Marusenki Parzdepe geciren gazuw agtarys islerinin netijesinde eneolit dowrunde oturymly maldarcylygyn yatakda saklanyan gornusinden mallary ori meydanlara bakamaga gecilendigi kesgitlenyar. Ilki basda maldarcylyk pasyllaýyn bolup sonra mallar tutus yylyn dowamynda Akdepe Parzdepe Gowecdepe dag ori meydanlarda bakylypdyr. Parzdepeden cykan karizler ekerancylygyn osendigini habar beryar. Parzdepanin gurak howaly suwsuz yerlerinde saher ilaty topragy suwarmak ucin ahli mumkincilikden peydalanypdyrlar. Sonun bn baglylykda ekin meydanlaryny suwarmak ucin kanallar karizler gazylypdyr. Ussalar tarapyndan bine edilen bu ajaýyp desgalaryn kimegi bn ekin yerleri suwarylyp bol hasyl alynypdyr. Gadymy dowurlerden XIX asyra cenli Merkezi Aziyanyn daglyk yerleri guramagy cylsyrymly bolan we hunar ussatlygyny talap edyan "kariz"bn suwarylypdyr. Karizler ilkinji gezek Ahemeniler dowrunde yuze cykar. Belli syýahatcy G.Ý.Grumm-Gržimaylo karizler "uytgesik gidrotehniki desgalaryn biri bolup hatda hazirki zaman yewropalylaryn buysanjy hem bolup bilerdi..."diyip belleyar. Beyleki alym dag inženeri L.I Simbalenko daglyk yerlerde yerleri suwarmak barada birnace isleri yazyp karizler -"bu Aziyanyn ajayyp gidrotehniki desgasy bolup acyk yer ustunde suw baylyklary bolmadyk yurtlar obalar saheri oazisleri sebitleri gullap osduripdirler"diyip belleyar. Parzdepanin ugurtapyjy sowatly admalary turkmen halkynyn oran bay medeni-taryhy yadygarligine eye bolmagyna dunya yan salyan beyik isleri bitiripdirler:saheri doredip binalary galdyrypdyrlar. Bu yadygarlikde alymlar A.A.Marusenko (1930),W.A.Litwinskiy (1947),S.A.Ýersow (1950),W.N.Pilipko (1968), turkmen alymlary N.S.Basimowa (1982)we Ý. Atagarryýew barlag islerini geciripdirler. Seyle hem 1983-nji yylda alym W.N.Pilipko Parzdepede stratigrafiya barlaglaryny geciripdir. Alymalar tarapyndan yuze cykarylan kuyze bolekleri Parzdepede ýuzyyllyklryn dowamynda yasaysyn uzulman dowam edendigini tassyklady. Yerin astyndan gakdyrylan kuyze tapyndylaryn arasynda:gara tegmilli gyzyl gatlanan we tayyarlanan palcykdan cakmak dasynyn owuntygy yuze cykaryldy. Seyle hem gara yiti gapyrgaly tolkunbwe goni nagyslar bn Parzdepanin kuyze bolekleri XVI-XVII asyrlara degisli bolup gyzgalanly yasaysyn bolandygyny habar beryar. Orta asyr taryhy seljermede bu yer belli alymlaryn sahyrlaryn watanydygy bellenilyar. Horezmsalar dowletinin in sonky hokumdary Jelaleddin Menburun murzesi we yakyn komekcisi taryhcy an-Nesewe salgylanyp bolar. Seyle hem mongollara garsy bolan sowesde Jelaleddin Menburun Nusayyn towereklerinde uly garsylyk gorkezip olaryn "yenilmezek "adyny puja cykarandyr. (dowamy bar) Gazetden elektron görnüşe geçiren @Taryhçy zenan

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir