Dehistan meniň watanym! Gözel ýurdumyzyň gadymylygyny ap-aýdyň subut edýän birnäçe döwletler we şäherler ýar. Olaryň naýbaşysy bolsa, Dehistan başgaça Maşat - Misseriýan säheridir. Dehistan ýurdymyzyň günorta-günbatar sebitleri (Gyzyletrek) öz içine alýar. Bu at biziň eramyzdan öň şu ýerlerde ýaşan Dahlaryň mekany,ýurdy diýen manyny aňlatýar. Bu ýerde biziň eramyzdan öň 13-14 asyrlara degşli ýüzlerçe arhiologik tapyndylar bar. Şolaryň esaslarynyň biri Maşat-Missirian şäheriniň harabaçylygydyr. Dehistan Etrek derýasynyñ d.g tarapda yerlesyar mes toprakly çöllükdir. Mongol basybalyjylaryna cenli ol yerde cylsyrymly suwaryş desgalary bolup ekerancylyk giň gerimi alypdyr we saher durmusy möwç alypdyr. Mongol wagcylygynda bir wagt güllan bu ülkäni suwsyz colluge owrüpdirler. Dehistan b.e.onki III asyrda horezmsalar tarapyndan yoredilyar kop binalar yumrulany ucin tazelenyar. Turkmenistanda Dehistan orta asyryn in esasy g.b yadygarliginiñ biri hasaplanyar. Şäheri dolulygyna ululygy 200 gektar we onun dasyny gorayan derweze iki gatdan ybarat eken. Onun şeyle beyikligi su wagta cenli saklanyp galypdyr. Dehistandaky Şähhristan diňe gowy saklanyp galan meshur mowzeleyadyr. Şir Kabyr hem iki ymarat bolup 25mertlik metjit bolup ondan galan dine glin sekilli stena bolegi galypdyr. Käbir köşklerin obanyn dasynda berkedilen derwezanin golaýynda yerleşýär eken onun sebabi sahere gelyan kerwen saraylaryn ugruny gorkezyan yol bolupdyr. Dehistanda medresede hem bolupdyr. Turkmenistanda meshurlaryn biri ondaky tapyndylar uytgesik we yazylys gornüşidir. Ol yerde burunc yüzük cyralar we basgada metal islerdir. Olaryn ýüzündaki suratlar edil stenañ yuzundaki ýalydyr. Dehistandaky tapyndylar yokary derejede saher hakyky sungat yeridigi subut edyar. Demir asyryna degişli Günorta-Günbatar Türkmenistanyň ýerlerine taryhy edebiýatlarda gadymy Dehistan diýlip at berilýär. Dehistan medeniỳetine degişli ỳadygärlikler Maşat-Misserian düzlügindäki Madawdepe,Yzzatguly depelerde jemlenendir. Şeýle-de Günbatar Köpetdagyñ eteklerinde hem kiçiräk oturymly ýerler bolan Parawyň, Bamynyň, Börmäniň ýanyndaky depeler hem şol medeniýete degişlidir. Dehistan ýerleri gadymy geografçy alymlaryň işlerinde Girkaniýa diýlip atlandyrylypdyr. Girkaniýanyň dűzűmine häzirki Hazar denziniň tutuş günorta-gündogar boýlary girýär. Taryhyň belli bir döwründe Hazary Girkan deňzi diýip hem atlandyrypdyrlar. Bizin günlerimize cenli şäher dargadylan diysen boljak ol yerdaki binalar eyyamden guma gomulip giden we colluge owrulipdir. Yone seredeniñde edil su yerde meshur eser Firdowsi "Şanama"yazylyp bu yerin meshur gymmat sungaty barada yazylypdyr. Bu yerdaki tapyndylar sungat tehnikiden ösen bir saher. Dehistan ozunde seyle gymmatlyklary saklan orta asyrlaryn osen yadygarligin biri bolup edil Merw we Gurgenc yaly meşhur şäherleriň hataryna giripdir. Ýeri gelende aýdylsa Dehistanda demir asyrynyň biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllygyň ahyrynda ýüze çykandygy anyklandy. Demir asyrynda gadymy Dehistan ilatyň köp ýaşan ýerleriniň biri bolupdyr we ekerançylyk üçin ýasalan gurallar ulanylypdyr. Bu ýerleriň uly ekerançylyk obalary bolup, ilat esasan suwarymly ekerançylyk bilen meşgul bolupdyr. Täze ýerleri özleşdirmek maksady bilen ilat Sumbar we Etrek derỳalarynyň suwuny peýdalanypdyrlar. Dehistanyň bu döwrüniň iň iri ýadygärligi Madawdepe bolup, ol asyrlaryň dowamynda kem-kemden giňelipdir.Onuň medeni gatlagy 225 gektar meýdany tutupdyr.Ýaşaýyş dürli wagtlarda dowam edipdir. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Madawdepäniň umumy meýdanynyň 50 gektarynda ýaşaýyş bolupdyr. Galan meýdanyny köçejikler, şäher-oba, hojalyk binalary, keramika we demir işlenilýän ussahanalar we ş. m. tutupdyr. Madawdepäniň medeniýeti b. e. öňki XIII asyrdan VII-VI asyrlara çenli dowam edipdir.Ilatynyň sany 7700 töweregi bolandyr diýlip çaklanylýar.Hasaplamalara görä,ýaşalan ýeriň her gektaryna 154 adam düşüpdir.Ilatyň has selçeň ýaşan ýerlerinde adamlaryň gürlügi her gektara 80-90 adam düşüpdir. Dehistanyň gadymy medeniýetiniň esasy aýratynlygy, küýze önümleriniň görnüşleri we olardaky reňklerdir. Küýzeleriň arasynda üç tagan aýakly ýalpak, köplenç halatlarda bolsa üsti açyk jüründikli gaplar duş gelýär. Gap-gaçlar esasan garamtyl, çal, gyzyl we ýer reňkinde bolup, olaryň hemmesi-de çarhyň kömegi bilen ýasalypdyr. Alymlar Dehistanyň Misserian düzlüginden peỳkamlaryñ bürünç uçlarynyñ, kiçiräk gylyç, aỳal şaỳ-sepleri, küỳze gap-gaçlary bişirmek üçin küreler gurlupdyr. Barlaglar häzirki Magtymguly etrabynyň golaỳynda ỳerleşỳän gonamçylykdan b. e. öňki XII-XI asyrlara degişli ikler, ikbaşlar, temenler, bürünçden ỳasalan haly dokamak üçin keserler ỳüze çykaryldy. Bu zähmet gurallary Dehistanda hünärmentçiligiň dokmaçylyk pudagynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.Biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllygyň ortalarynda Dehistanyň gadymy medeniýetini döreden ilat bu ýerlerde ýaşamagyny bes edipdir. Adamlaryň bu ýerlerden göçüp gitmeklerine parslaryň Ahemeni döwletiniň harby ýörişleri sebäp bolupdyr Gollanma: 1. "Türkmenistanyň taryhy" kitaby (Türkmenistanyň bilim ministrligi, X synp, Aşgabat) 2. Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. Taýýarlan: @Taryhçy zenan

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir