Öwrülýär. Gözlerin ýumanda bir ajap gözel, Görülmedik hijem bolmandyr dözen, Şeýleräk waspy bar ýüzünde ozal Ýerden Aýa ugrap şöhlä öwrülýär. Yadym ýok aňymda, dury kellämde, Ýada düşer ýöne keşbiň bellämde, Saňa meňzär bahar-ýazy ellämde, Bir ajap saz ýaly owadan gülýär. Bir bagt bar, ýaşaýar dünýäni söýüp, Bolarmy görmeklik gözleri ýumup, Agşam saz çaldym diwary urup, Saçlary her gije mara öwrülýär. Göwräme erk ýetmez beden güýjemez, Bu gijeler gatnaşmasak süýjemez, Adam ogly nätjek, çig süýdün emen, Käte pikir gözellikde döwülýär. Şeýleräk ömürde, şeýleräk gyza, "Bagtyny tapanlar bakmazmyş yza", Gürlemez, söz açsa öwrüler ýaza, Ýüregimiň içi indi güle öwrülýär. Bir bagt bar bagtlaryň ulusy, Ýatdy indi bu kellämiň ukusy, Bedenden aýryldy söýgiň gorkusy, Bir şahyr seň üçin gözlerin süzýär. Şol şahyr seň üçin sözlerin düzýär...çç Ş. Orazmuhammedow

Köneler, wagt tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir