VIII Gun dogsada yanwar howasyny kan howany yyladyp bilenokdy. Yogsam diyersin, asman edil chuyshan gozi yaly dup-durydy. Howa sowugam bolsa towerek diysen hereketlidi. Shaherin "Garbaty" koprusinden owrulyan Mashynlaryn bugy Sakarcage yolunda birneme hayallayardy. Bu yol uly bolmasada ulag gatnawy yeterlikdi. Yolun gapdalyndaky demir yoly hem ozune yetik otly gatnawy bardy. Hassahana name ucin beyle gatnawly yerde gurlandygyna Jelal entakler akyl yetirip bilenokdy. Demir yol bilen hassahanan arasy sanaymaly adimler ayyrylyshdyryardy. Jelal ucin demir yolun usti Ayjahan gidenden son in kop gelyan yerine owruldi. Ayjahany bolmazdan onun sesini eshitmezden Jelal sahne yalydy, jansyz bedendi. Teshnelikden dali bolan bu yurek gyz neslini ilkinji gezek gorup, ony kalbyna salana menzeyardi. Hatda soygem bu jubutleri ayra salasy gelenokdy. In kicijik zadam soyyan yurekler ucin ullakan zat hasabyndady. Hatda Ayjahanyn beren alajasy goraymage kicijik zada menzesede, Jelal ucin gyzyldan gymmatlydy ahyryn. Gorushduler, gorushdikleri sayyn soygi berkeyardi, hasda mowjeyardi. Kate sowuship, kate yarashyan ashyklar, soyginin oynuna bulashyp yorduler. Koplenc Jelal Ayjahany gorende - Bah "hassahanada soygi bolmaz, bu yere men bejergi almaga geldim" diyyadinay - diyip yatlardy. Gyzam bu sozunden utanyan yaly Jelala gaharlanan sypatda seredip nagile bolan bolardy. Yone Jelalyn godekligi mydama Ayjahanyn gaharyny getirsede gyza mahsus geplemezligi bilen yenerdi. Gorushdiler bir birege sowgatlaram berdiler. Yone Jelalyn gulerde bir gun "yarawsyzlygy sebapli gullugyn mohletinden on yapylyar, resminamalaryn tayynlanyar " diylen sozi lukmandan eshdende ynanmady, icinden "yene bela satshdym oydyan" diyip oylady. Esger yigidem sanly gunlerden mukaddes mary topragyny terk etmelidigine cyny bilen gynandy. Cunki onun yuregi shu yerde ahyry. Ony nadip yekelikde tashlap bolar. Adamlaryn sypatlarynyn durli bolshy yaly pikirlerem, garayyshlaram durli bolyar. Saryk gyzy Ayjahan teke yigidi Jelaly soysede, koplenc oz soygusine ynamsyz garayardy. Hatda bu gyz oyundakilere oglan barada aydanda onun al-petinden alypdylar. Soygi bashyna gelse seni erksiz goyyandygyny, soygi bolsa onun icinde namysam bolyandygyna oran gowy dusunyan gyz icinden "Nahilem bolsa sonuny goraymeli borda" diyen umyt bilen oz sozune wepaly bolup gezdi. Shu umytsyzlygy bilen hem birnace danlary atyrdy. Emma geljegin umytsyzlygy bu soygini kul etmage bireyyamden girishipdi. Derdime dert goshyan ynamsyz umyt, Men soygunin umytsyzja perzendi. Entakler biz hakda aydylyp bilman, Gezip yorenlere wagt gelsedi. Dowamy bar...

Köneler, wagt tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir