VII Name ucin soyguden doly suyji gunler az bolyarka? Ya dine bu zatlaryn aladasyz gecyanligi ucindir. Ya ahli zada goz yetirmek ucin sol one surulyan pelsepanin bashyna dusmegine garashmalydyr. Hakykatda dertli gunler bashyndan agyr gecsede, suyji gunler yaz yagyshy deyin diysen tiz gecyandigine, Jelal bashyna dushende, uly acysh eden yaly, ilkinji gezek goz yetirdi. Bu soygi iki aydanam koprak wagt, gunun gunune suyji dushushyklara baglanyp gecdi. Ol gunler, ol gijeler yashlyk ucin bahasyna yetip bolmayan sowgatdy ahyryn. Dushushmak bar bolsa, ayrylmagam bardyr diyen yaly boldy. Ine gunlerin bir guni dari-dermanlar paylanyp bolandan sonra, Ayjahanyn bolyan hassa otagyna bir ak halatly zenan bardy-da: - Gurbanmyradowa Ayjahan haysynyz bolyanyz -Men - Siz bolsanyz onda sizin barlag netijaniz arassa cykypdyr, hassahanadan cykaryalar, sizi bolumin bash lukmany oz otagna cagyryar - diyen shepagat uyasynyn sesi Jelaly duydansyz tisgindirdi. Muny eshden-de hamala diyersin uly yitga sezawar bolana dondi. Name etjegini bilmedi. Ozuni nace arkayynlyga salsada, icinde dert bary ashak-yokaryk bokyardi. Ust-ustune gyzyn hem bu habary eshdip begenmegi Jelalda yigrenc gysganclygy doretdi. Esger yigide agyr degjek ayralyk hemme zatdan beter agyrlydy. Onkuje dasharda oturyan oturgyclaryna Jelal zordan ozuni atyp, agyr gayga batdy. Munun ucin durmusham, wagtam oz guyjuni, hokmuni yitiripdi. Ayjahanyn cykaryna her gecen sekuntda, her gapy yapylanda garashdy, gurleshmek isledi. Yone name barada gurleshjegini ozi hem bilenokdy. Sagatlar gecdi Ayjahan gelmedi. Ozi onun otagyna baryp cagyrdy. Jelal gussaly halda, gyz bolsa, begencden yuzuni guldurip durdy (Ona yylgyrmak sheyle bir gelisyardi welin, hic kim on bilen basleshmejek yalydy bu pursady men hic unudyp bilmezdim @awtordan bellik). Iki ashyk yone dymyp durdylar. Asmanam yuwashlyk bilen oz cygyny zemine dokyardi. "Bu yerde soygi bolmaz" diyen gyzam, "men senden gecmen ya menki bolarsyn, yada hic kiminki" diyyan yigidem sessizje durdylar. Bu jubutlerin bir bada sozleri alyshyp gidibermedi. Yone sonuna seredende gurleshmeklik oz netijesini beripdi. Jelaly dine, Ayjahanyn her on gunden barlag ucin hassahana gelmelidi kosheshdirdi. Ayralyk ajy bolsa-da ayryldylar yone wagtlayyndy. Olar soyginin uly guyc bilen doreden cagalarydy. Cunki her demde yurek soygunin sowamayan ody bilen yashayardy. Jubutlerin bashlary dumandan samayardi.Yone ahli zadyn mudimilik daldigini, hatda soygunin hem sonyandigini bulara kim ynandyryp bilerdi? Dowamy bar...

Köneler, wagt tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir