V Hemme zady bildirmezden yerine goymak Jelala diysen agyr dushdi. Nobatcy lukmany ynandyrmak hijem yenil daldi, bu gezegem seyle boldy. Nahilem bolsa sony gowylykdy. Jelal Telefondaky gyzyn yagdaylaryndan habar beryan suratlara uzak gije gozuni gyrpman seretdi. Gyzyn bir oykenin yokdugyny bilmek Jelala gaty uly bela yaly tasir etdi. Bir zady elinden gidip baryana menzedi, uludan-uludan dem aldy hopukdy. Agyr Pikirlendi. Sessizje - Menin geljegim su yarawsyzja gyza bagly bolarmyka?- diyip, icinden kop akyl owurdi. Ayjahany soyyar, ozem sheyle bir soyyar welin, shonsuz yekeje gecen sekundam omrunin hasabyndan alasam gelenokdy. Ah yaslyk soygisi, sana tay geljek duygy bir barmyka... Bu yagdayy bilse hem, Jelal birnace gunlap gyz ugrunda sepil bolup gezdi. Onda-da nahili sepillik, gedem oglana kejir gyz yarasada kosenmek agyr dusyardi. Gunler kerwen gurap hepdelere boyun burdy. Sol gunlerin birinde hem ajayyp tazelik yaly bolup Jelala yapyk gapylaryn biri acyldy. Ayjahana derman gerek boldy. Sol dermany tapmaklyk bolsa gyzyn otagdaslary tarapyndan Jelala ynanyldy. Berlen dermanhana salgysy esasynda, oylani arka atyp hassahanadan ogrynlykda ayryldy. Aradan birnace sagat gecdi. Hatda Gysyn ayazly howasy agsama mazaly ozuni gorkezmage hem baslady. Jelaldan bolsa entegem habar yokdy. Edilyan janlara-da hic hili jogap bolmady. Ayjahan aladalanyp baslady. Henize cenli keseki oglan ucin bu gyz aladanyp gormandi. Yone alajyn name bir oglan sen ucin ozuni sowuga urup, gijanin garankylygynda sen ucin sergezdan bolyan yigit bolsa, heyem ol barada aladalanman bolarmy? Yuregi bar adam hokman muny eder. Cunki bu ynsanyyetciligin kanuny ahyry. Ayjahan ilkinji gezek Jelaly halap baslady, onun her bir hasiyetlerini pursatlary bilen yatlady. Oglana haypy gelip ozune kayindi. Icinden "Dermansyz olup baryanmy diysene bu gun bolmasa erte oyundakiler getirip bererdilerdi-da" diyip, ozune duypli igenip baslady. Seydip her hassa otagynyn cyralary yuwash yuwashdan ocup baslady. Her kim gijanin sowuk tumluginde suyji uka gitdi. Emma Ayjahanyn yatasy gelmedi. Ol diysen aladalydy. Oz palatasyndakylara: - Mena zalda oturjak ukym tutanok- diyen bahanasy bilen Jelala garasmagy berk yuregine duwdi. Zalda otursyna sagat gijan yaryndan gecdi. Emma Jelaldan yekejede derek yokdy. Howada diysen sowayady. Gyzyn kellesine her hili pikirler gelyardi. Natmeli lukmana aytmalymy, aytsa olam dal, sebabi Jelal hassahanadan ogryn gidipdi. Bu hem hic diysen Jelal bir esger yigitdi ahyry. Eger Jelal bir apata dusan bolsa Ayjahan ozuni hic wagt bagyslamajak hala geldi. Dowamy bar...

Köneler, wagt tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir