IV Name etsede bolanok, bu gyz asla gownanok, ya Jelal baryny ters edyarmika? Jelalyn edyani tersem bolsa gyzyn hasiyeti azajygam bolsa uytgara? Hatda "pikirleneyin, goreyin" hem diyenok, goni "yok" diyip, teklibe godek jogap gaytaryardy. Bu gyz duybunden basga pikirde, gayta, icini yakayyn diyyan yaly, "bu yeri hassahana dusunyanmi, bu yerde soygi bolmaz," diyyar. Indi soyushmek ucin yer sortlamagam peyda boldumyka? Su pikirler bilen yorganyny ustune yapynan Jelal gapdalyna owrulip, sagadyna seretdi, sagat 00:43 i gorkezyardi. Eylesine-beylesine owruldi. Ukysy tutmayan oglan yene Ayjahan hakda pikire batdy. Birnace minutlar gecdi. Yene sol bir pikirlere basyna aldyryp otursyna, esger yigit gonsy palatalan birinden gurpuldap gapyny urup birnin gyssanmac cykyp gidendigini eshitdi. Jelal bu sese tisginip, yenillik bilen zala cykdy. Adam yok, hatda nobatcy lukmanam yatypdyr. Bu nahili bolyar? Jelal bilesigeljilik bilen dasaryk cykdy. Gapydan cykan dessine goryan zadyna gozleri ynanmady. - Ayjahan, Ayjahan... - diyip, Jelal yatan gyzy yerinden turuzmaga synanyshdy. Turuzan dessine gyzyn zordan dem alyandygyny duyup, gapdal oturgycda oturtdy. Gyzyn haly tendi. Dessine nobatcy lukmany turuzdy. Salym berman gyzy sanjym otagda yatyrdylar. Jelal calasynlyk bilen hassahanan nobatcy lukmanynam cagyrdy. Cunki onun gorkezmesi bolmazdan hic bir bolum nobatcylary hassa sanjym isini gecirip bilmeyardiler. Birnace guycli kollardan son gyzyn dem almasy kadalasdy. Nobatcy lukmanlaram, Jelalam kosheshdi. Jelal bu gyzyn yatysyny gorende onun yagdayyna cyny bilen gynandy. Ayjahanyn gozleri yumuk wagty ol hasam owadandy. Ogrynca gyzyn saclaryny emay bilen sypan Jelal birinin gorerinden heder edip ondan ellerini cekdi. Ah soygi soygi... Azsalymdan son Ayjahan ozunde guyc tapan yaly gobsundy, gozlerini acdy. Turmaga synanyshdy, bolmady. Guyji yeterlik bolmany ucin hem sagindi. Muny goren Jelalam, lukman ayalam komek edip gyzy palatasyna saldylar. Dusegne gecen Ayjahan bar ysgyny bilen: - Jelal, sag bol! Yone muny hic kim bilmesin... dodagy guran yaly uludan yuwdundy. - Palatamdakylaram bilmesin. - sondan son Ayjahan gozlerini berk yumdy. Jelal hem gelsi yaly sessizje hassa otagyndan cykdy. Nobatcy sepagat uyasy eyyam oz otagynda bir kagyza bar guyji bilen birzatlar yazyardy. Jelal yene yatmazlygy saylap, dasary yoneldi. Zaldaky hassalan resminamalary saklanyan otagyn gapysynyn acykdygyna gozi dusdi. Sol pursat Jelalyn aklyna yene Ayjahan geldi. Onun yagdayyny owrenesi geldi. Dessine otaga girmeklige ozuni zorlady. Otagdaky acyk gapyrjakdan Ayjahanyn yagdayy yazylyan kitapcany gozlap tapdy. Ony dessine alyp otagyna tarap haydaslap girdi. Resminamany okamadyda derrew sahypalaryny acyp, telefonynda surata dusurmage durdy. Jelalyn hazirki bolup dursy urush dowrundaki habarcy esgere menzeyardi. Kitapcanyn ahli sahypasyny surata dusurip boldum edende, zalda nabatcy lukmanyn Ayjahanyn resminamasyny gozleyandigini duydy... Dowamy bar...

Köneler, wagt tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir