Gunduzlik oz ornuny howlukmac noyabr gijesine berdi. Doglan gun gijesidigine garamazdan palatada diysen tukatlyk hokum suryardi. Hatda doglan guni bellenyan Ayjahanyn ozem dusheginden zordan galyp bilyardi. Lukmanyn bu gezekgi sanjymly bejergisi Ayjahany tapdan wagtlayyn dusurdi. Agsamlygyny edinen Suray dayza endigi boyunca yuwaslyk bilen uzyn zalyn basyndaky oturgyjy nazarda tutup, ona hayallyk bilen cokdi. Gecyanlere gozi bilen synlayardy. Uly karidor bilen yorap baryan Jelaly Suray dayza bar gorujiligi bilen synlap dursuna tanady-da: - Bilyanmi oglum, bizin palatamyzdaky gyzyn su gun doglan gunidir. Ony oz yakynlaryndanam kop kisi gutlamandyr, bar sen bir gutla - diydi. - Onun doglan gunudigini kim nirden bilsin, onsanam bizi cagyryan barmy? - diyip, yanky esger yigit godek yagdayda jogap bershine Suray dayzan deninden gecip dasaryk yol yasady. Jelal yzyna yene onki yolyny syryp az salymdan zala ayak urgusyny eshdirdi. Edil Ayjahanyn palatasyna yetende bolsa Ayjahanyn: - Jelal sen bolsan, gel-a bir gutla hassany - diyende Jelalyn name ucindir endamy dikeneklap gitdi. Palatan gapysyny oran esamaylyk hemem utanjanlyk bilen acdy. Bu palatany ilkinji gezek goryan yaly synlap, bas atyp dursuna: - Hazir gelyan - diyip, gapyny acysy yaly yapdy. Az salymdan sonra yanyna bir ozi dushdas Oglan bilen dolanyp geldi. Uytgesiklik yok her kim oz krowadynda hassalygyny cekip yatyr. Yorite cakylyk bilen gelenleri gorup Ayjahan yerinden turdy : - Ha sizmi? Gelin - diyip, basardygyndan myhmansoyerlik etdi. Gyz elini tumbuckasyna yetirip kiciragem bolsa hodur kerem etdi. Ayjahanyn doglan gunine cagyrlyp getirlenlerem kicirak sowgat bilen gyzy gutladylar. Jelalam onun yanyndaky oglanam kan oturmady. Bu cakylyk ucin gyza yene bir gezek ayratyn minnetdarlyk bildirip, turmaga meyillendiler. Yone Jelal ucin bu doglan gun yone bir doglan gun bolman, uytgesik acysh yaly boldy. Ayjahany ilkinji gezek seyle yakyndan synlady. Ona imrinip, yakynlasman tasirinden ozuni ol owadanlyga aldyryp baslady. Ayjahanyn her bir hereketi oglan ucin ullakan baylyga owrulip baryardy. Jelal ozundaki dusnuksiz galpylla dusunmedi. Ozune erk etjek bolup synanyshdy, basarmady. Sol sebapden hem Jelal palatadan calt cyksa ozune gowy bolayjak yaly gorundi. Esger yigit su saylawy bilen hem palatadan cyksa-da cykdy welin, dusnuksiz duygy Jelalyn kellesinden cykmady, ony asla goyberesi gelmedi, kesel yaly kellesine yuregine agram saldy. Sol agsam yatanda-da ol gyz hakynda ayratyn aladalanyp baslady, yene gorsem diyip gozlerini berk yumdy... Sol gunden baslap Jelal Ayjahanyn palatasyna gun yrman gatnar ozune haysysy yuz berse sol palata barar, Ayjahan barada lukmanlardan beter aladanyp baslar. Ony cyn yuregi bilen soyer. Ayjahan bolsa, Jelalyn sozuni alman diysen kop wagt kosar. Yone bu yagdayyn nirede, kime, nahili zyyan yetirjekdigine juwanlaryn hicisem akyl yetirip bilenokdylar. Jelal Ayjahanyn yone bir hassa bolman bir oykenin yokdugyny dine sol resminamany ogurlanda biljekdi. Ayjahan ucinem Jelal ucinem su gunden sonky gunler wakalardan doly boljakdy. Bular ucin durmush bir oyunjagaz gurjakdy... Dowamy bar...

Köneler, wagt tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir