I Bu gyz lukmanyn gelerine diysen kop garasmaly boldy. Uzyn zala garap iki yana terezin dili yaly hereket etdi. Aynadan dasaryny synlady, yoldaky ulaglaryn, adamlaryn gatnawyny isdamenlik bilen synlady. Oturyp gordi,turup gordi. Seydip ahyry sagadyn dilleri 11:30 i gorkezende: --Lukman barlag netijelerini alyp geldi gelneje siz gelayin- diyip, yanky takatsyz garasyp duran gyzyn ejesine umlap sepagat uyasy, ony yzyna dusurdi-de uly zalyn birinji gapysyna tarap alyp gitdi. Gyz yenede yeterlik garasmaly boldy. Kate bolsa icinden "Howwa garasanyn bilen men sagalyan bolsadym" diyip, bu gyz ozune igendi. Ejesi bilen bas lukman gapydan cykdy. Az salym yene gyzyn ejesi bas lukman bilen gapyn agzynda hem durdular. Gyzyn ejesine lukman elindaki rentgen kagyzyndan birzatlar gorkezip jany bilen gepleyardi, ejesi bolsa uns berip dinleyardi. Ene ene bolyar. Ol mydama perzendine dozumsiz garayar. Gyzynyn yanyna gelip oturandan son howlukman: --Sen gyzym saglygyna doktor gowy diyyar yone birnace wagt hassahanada yatymlayyn bejergi alsan hasam gowy bolarsyn. Sol sebapli hem galmaly bolarsyn- diyende enanin gyzy ucin aydan sozleri gyzyna yalan yaly bolup esdildi. Eneli gyz esli wagt durdular. Sonra basga bir dayaw garynlak lukman lomp-lomp edip, gyzy kabul edish otagyna saldy, gerekli resminamalary doldurmaga baslady. Sonra basga bir yashajyk sepagat uyasy kabulhanadan alyp yash gyzy iki adamlyk hassalar otagyna yerlesdirdi. Salym gecman gyzyn ejesi hem geldi. Gyzyna iyer yaly birnace zat getirip ony gyzyna degisli tekjelere yerlesdirdi. Munun bilen hem caklenman gyzyna esli pulam goydy. -- Gyzym dogry ara dash yone basardygymdan yzyndan geler duraryn dayynlaram, aganlaram gelerler sen ony alada etme, esasy zat lukmanlan diyeni bilen bolup bahym sagal! Balam, onda mena yorejekdirin - diyip, yany bir yerinden turandan gyzy ejesini garsa gujaklady. Hamsygyp aglady, gozlerini suzup, diyjek sozleri dilinden alnana dondi. Bu yagdaya enede uzak jydam edip bilmedi, olam gozlerini duwme yaslara berdi, ozem gyzyndan bukup aglady. Gyzyny kosesdirip ene caltlyk bilen gyzynyn palatasyndan ayryldy. Gyzyny yeke goymak hazir in gowusydy. Gyz ozunde sonky wagtlarda gyzdyrma, gakylykly usgelwuk, ishdasizlik... yaly yene birnace yagdaylaryn uzak wagtlap gaytalanmasy gyzy halys tapdan dusurdi. Durli dari dermanam muna tasir etmedi. Seylelik bilen eneli gyz ilki etrap, sonra welayat hassahanasyn yoluny tutmaly boldular. ...Su gunlerden baslap bu gyz hassahanada agyr dertli hassa hokmunde garalmalydy. Emma dozer yaly dal, yany 20 yashy dolduryp yigrimbirin goynunda at salan gozel gyza agyr dert kakasy pahyrdan gecipdi. Arman yazgyt, agyr kesel bolan demgysma bilen bu gyz uzak dasyndan komek bolmasa yekelikde uzak sowesip biljek daldi. Dowamy bar...

Köneler, wagt tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir