Durmuş Nobatguly däldir, ezizim, Durmuş irde-giçde göwnüňe deger! N.Rejepow Bagtymyz güllesin, Güllemesin nan, Hem hiç haçan sowamasyn tamdyrlar! Ç.Ýegemyradow Sen meni ýitirsiň oýnap hem aýnap, Tapmarsyň pullaryň ýüzlügi bilen B.Jütdiýew Maňa seniň tanyş pyşyrdyň galdy Ýapragynda gurap giden mekgeleň. A.Annaberdiýew Ýyllar boýy ýüregime ýer eden, Aýdylmaly sözler aýdylman galdy. H.Kulyýew ..Ah, ýyllar çaň-tozany däl ýollaryň, Üst-başyňdan kakyp, silkip aýrara... A.Kirşenow Açyk penjiräniň serpip tutusyn, Biri käte-käte gidýär seredip... O.Çaryýew Balygyň gylçygna dönen kineler, Bokurdakda tegek bolup galypdyr. I.Gurbanow Şahyrçylyk hünär däl-de ykbaldyr... B.Hudaýnazarow

Köneler, wagt tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir