Gadym bir zamanda beýik bir patyşanyň owadan bir gyzy bar eken. Gyzyň durmuşa çykmaly wagty gelipdir ýöne hiç kimi halamandyr. Patyşalaryň, wezirleriň, täjirleriň ogullary hat-da kim bolsa-da olardan ýüz öwüripdir. Bu döwletde bir görmegeý ýöne garyp bir oglan hem öýlenmek isläpdir ýöne oňa hem ýüz bermändir. Bu oglan soň başka bir ülkä gidip işläpdir, gaty baý bolupdyr. Watanyna bir näçe ýyldan soň gelipdir we özünden ýüz döndüren gyzyň ýanyna gidipdir. Gapyny kakypdyr, gapyny betnyşan bir adam açypdyr. Adam gidensoň ýene gapyny kakypdyr, bu gezek gyz gapyny açypdyr, oňa näme üçin bu betnyşan biri bilen öýlenendigini sorapdyr. Gyz muny düşindirmek üçin oglany öýüň arka tarapyndaky owadan gül bakjasyna äkidipdir. -Soragyň jogabyny özüň bilersiň. Indi şu gül bakjasyndan iň owadan güli maňa ýolup getirmelisiň, ýöne bir şert bilen – bakjada gidip barýarkaň yzyňa hiç hili ädim ätmeli dälsiň Bolýar diýipdir oglan başlapdyr ýöremäge. Oglan ýany bir iň owadan güli tapdym diýende başka bir gül görýär we oňa el uzatjak bolup durka başka birini görýär, ony ýoljak bolup durka başga owadan bir gül... Soň bir seretse bakjanyň soňuna gelipdir, yza ädim ätmesi gadagan! Bakjanyň soňunda bolsa boýny bükük betnyşan bir gül. -Ynha! diýipdir gyz. Düşindiňmi indi näme üçün bu adamy saýlandygymy?

Köneler, wagt tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir