DÜNÝÄŇ BAR DILINDE Bäş müň sany dil bar diýýä dünýäde, Alla bize eçilipdir dil baryn. Bäş müň dili bäş müň gezek öwürip, Saňa laýyk söz tapmadym, dildarym! -Men seni söýýärin! -Я тебя люблю! -Ай эм лавлю! -Söýýärin men, söýýärin! Hiç bir dilşynasa, Hiç bir alyma Mälim däl dilde-de şony diýýärin. Ähli dilde Söýgi birdir, Gün ýaly, Gözleri Gün, gaşy helalaý dilber. Dünýäň bar dilinde men seni söýýän,  Iň bolman, birine ynanaý, dilber! awtor: Kömek Kulyýew

Köneler, wagt tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir