Ýene-de ene hakynda | Kerim GURBANNEPESOW Ak süýt beren ene gadyrdan gaçýar diýdiler, Sadagaň bolaýyn, ene. Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem, Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene. Ýene-de galamy almaga ele, Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň. Diýdiler, üç ogul, üç gyzly ene Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün. Bu waka bolupdyr uzak bir ýerde, Ýöne parhy näme, ýakynmy-uzak Perzentleriň enäni terk edenligi, Enäň bolsa haram ölenligi hak. Men muny ýazmadym belli bir ýerde, Ýazdym dürli ýerde, bölekme-bölek. Öýde, ýolda, düýşde, mazarystanda Indi bolsa başyn jemlemek gerek. Alty sany çaga dem beren ýürek, Görmändir olardan bir demlik wepa. On aýlap ýatypdyr keselhanada Kä penjirä bakyp, käte-de gapa. On aýda üç gezek görnüpdir üç gyz Erkek göbekliden gelmändir hiç kim. Aýaga galypdyr, äkitmändirler Ýygnaň diýip suddan gelipdir höküm. Bir gyzy ýygnapdyr, olam äkidip, Oglunyň işigne geçipdir taşlap. Ne ene etaža çykyp bilipdir, Ne ogly ýokardan düşüpdir aşak Şol ýerde sowukdan gatapdyr ene. Niçiksi derejä düşdüň sen, ahlak? "Bu waka nä mahal, nirede boldy?" Diýip maňa sorap berýärsiň ýene Nirede, nä mahal – näme parhy bar, Ene hemme ýerde dälmidir ene?  Ene ynsanýetiň tutuş geljegi, Hem şu güni, hemem ähli geçeni. Depäňden müň bela inermiş agşam Irden birje agladaýsaň ejeňi. Terjime edipdim Resul şahyry, Matam büräninde daglaň içini. Meşhur ata soňky demde aýdypdyr "Resul oglum, agyrtmagyn ejeňi!" Meşhur bolmasa-da meniňem atam Goşgy ýazman çalartsa-da saçyny. Şol sözdi onuňam iň soňky sözi, "Ýalňyz köşek, agyrtmagyn ejeňi!" Soň-soňlaram baryp mazarystana, Bagrymy oýkap, gowzudamda içimi, Ses çykýan ýalydy köne mazardan "Agyrtmagyn, agyrtmagyn ejeňi!" Ýowuz günde aýlanypdyk bileje, Atgyrany, Gaňňalyny, Tejeni. Belki özüm duýman agyrdandyryn, Ýöne duýup agyrtmandym ejemi.  Elimden gidende ilkinji söýgim, Gürrüň berenimde başdan geçeni, Enem bir aglapdy.. Diňe men şonda birje gezek  Agladypdym ejemi. Şondan başga bilip agyrdan bolsam, Ýa agardan bolsam birje saçyny, Olam meniň günämi ötmedik bolsa, Gaýdyp beriň, razy etjek ejemi. Ýok, ýok, ol "Müň kerem razy!" diýipdi. Soňam gitdi, boşap galdy içeri. Indi özüm wesýet edýän ogluma, "Agyrtmagyn, aglatmagyn ejeňi!" Bu wesýet wesýetden wesýede geçip, Gowşup bütin dünýäň ogullaryna, Agtyklaryň dilinden çowluga ýetip, Siňsin ýuwluklaryň bagyrlaryna. Hawa, üç ogully, üç gyzly ene, Göwsünde bitirip alty ýapragy, Olary saraltman özi saraldy Şu günem girmeli ene topraga.  "Bu waka nä mahal, nirede boldy?" Diýip maňa sorap berýärsiň ýene Daşdamy, ýakyndamy – näme parhy bar, Ene hemme ýerde dälmidir ene?!  Kaspi kenarymy, Wolga ýakasy Murgap jülgesimi – ýokdur tapawut. Alty balasyna uzak ýaş diläp Gabrystana barýar eneli tabyt. Tabydy özgeler göterip barýar, Diňe burny çapyk ortanjy ogul, Bir minut göterdi.. Onda derrew "Götermekçi bolsaň täzeden dogul!" Diýýän dek bir goja yzyna itdi Tabyp dowam etdi ýoluny ýene, Alty köşegine uzak ýaş diläp. Soňky öýüne barýar ak saçly ene, Biz nälet okaýarys, ol ýaş dileýär. Bir ýol bilen barýar iki contrast Oýlandym, ölçerdim – çykmady başym Köpüňki rastmy, enäňki rast? Enäni baýdak dek göterip barýas, Näçe belentlige galdyrdygmyzça, Göýä daşlaşýan dek balalaryndan Agram atyp ýere çökýärdi şonda. Tabydyň yzynda ýüzlerçe kelle, Göýä akyp barýan gara derýady. Ene bolsa şol kelleleň üstünden Balalaryna ömür diläp barýardy. Ol ömür dileýär, biz nalyş edýäs, Biziň düşünjämiz ters gelýär enä. Ýeri aýt, perzentler bigünä bolsa, Onda kimiň günäsikä bu günä? Belki, hol barýanyň günäsidir ol, Ol ene hakynda damagyn ýyrtyp Goşgular okaýar. Enesi bolsa Gedaý gezip öldi, kaloşy ýyrtyk. Belki, hemmämiziň günämizdir ol, Megerem, märekäň içinden dartyp Özümi süýrekläp çykarmalydyr, Megerem, mendirin hatarda artyk.  Birdenem märekäň hataryn kertip, Wazlap geçip gitdi "02" maşyn. Görnüp gitdi gara tumşukly adam Süýnüp gitdi limon reňkli maşyn. Megerem, şol tumşugy ýazgarmalydyr, Ykbalyň ak tumşuk bermäni üçin däl-de On ýyl ozal jaýlanan enäň Mazaryn bir gezek görmäni üçin. Şol enäň mazaryn gördük biz bir gün, Ortasy çöküpdir, gapdaly hin-hin, Goňşular düzedip geldiler şu gün "Beýik" ogly işden goýmazlyk üçin. "Aýlanyp ýörmäge mazarlaň için Wagtym ýok" diýenmiş çinownik ogul. Eý ynsap, nähili sergide ýetdiň? Şeýle nadanlary bog ya-da bogul! Bir başly, ýüz işli, müň dertli Lenin Ene guburyna edip zyýarat, Hepde-de bir gezek sežde eden bolsa, Indiki haýyşym şundan ybarat. Şeýle hyýanata uly jenaýat  Hökmünde seredip ýokary sowet, Jeza kodeksine bir madda goşsa Meger ynsan ogly bolmazdy böwet, Hem-ä ene Watan dynjyn alardy, Hemem has döwletli bolardy döwlet. Tabydy göterip barýardy millet, Şäheriň kiçijek köçesi bilen. Goşulan goşulýar, goşulmadygam Hoşlaşyp galýardy ejesi bilen. Köçäniň ugrunda çal saçly adam Import pežamaly, import köwüşli, Göýä ýüzi-gözi-de imporda meňzäp Märekä bakyp dur dürli röwüşli. Ýaşyl derwezäniň bäri ýüzünden, Güjeňläp haýbatly derejesini, "Tüweleme, tüf-tüf!" bir garny bilen, Bekläp dur şäheriň bir köçesini. Özi bolsa mundan ýedi ýyl ozal Berip ýorganlaryň könejesini, Ýer ýok diýip on otagly jaýyndan Ketege göçürdi öz ejesini. Şondan bäri onuň habary bardy Ne-hä şol ketekden ne ejesinden, Ýygnan puly bolsa harammy, halal Agypdy amanat depderçesinden. Megerem şolardyr – ýagny, bizdiris Adamkärçiligiň serhedin bozup, Nebis küşdün oýnap, kellämiz gyzyp, Kasparowdan ozup, Karpowy pyzyp, Ynsaby basgylap, wyždany çyzyp, Ogul-gyza nusga bolmaga derek Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup, Ne-hä enemiziň ahwalyn sorap, Ne-de ikibarmak essalam ýazyp, Hawa, hut bizdiris, diňe bizdiris Hasrat getirýänler müňlerçe enä Biz ilkinji nusga, perzentler bolsa Kopirkadan geçen ikinji nusga – ikinji günä. Megerem şeýledir, şonuň üçindir Alty balasynyň ötüp günäsin, Müňleriň günäsin ötmeýänligi, Şübhelenme parasatly enä sen. Megerem şeýledir, uşak günäden Halas däl bolsa-da bu juwan nesil, Senden gören zadyn öwrendi çaga Öwreden zadyňa jogapkär sensiň! Atadan hannaslyk öwrenen ogul Bolup atadan-da beterräk hannas, Enesin ketege göçürer ertir, Özüňem ketekden bolmarsyň halas. Hawa, bu şeýledir, belanyň körügi –bizdedir. Çagany näletleme, bes! Günämiziň asyl nusgasy hakda Oýlanaryn diýseň enä gulak as. Ýazypdym nesilleň günäsi hakda, Özümiz ýadymdan çykan eken tas. Biahlak gullaryň günäsi hakda Oýlanaryn diýseň enä gulak as. Enä gulak asdym, şu goşgyny-da Men dälde eneleriň paýhasy goşdy, Şeýdibem döredi ene pähminden Ýazmasy kyn düşen ýene bir goşgy.

Köneler, wagt tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir