3. MACU-PIKCU (Peru, XV asyr) Inklerin beyik imperiyasynyn merkezi bolan Peru birnace gadymy medeni ojaklaryn, sol sanda naska, cimu we cawin siwilizasiyalarynyn watanydyr. Oz dowrunin belli shahsyyeti Packucek (1438-1478y.y) 1438-nji yylda inklerin taze doran imperiyasyna hokumdar bolyar. Onun dowrunde imperiyasy ginelyar, kuwwatlanyar. Ispan basybalyjylarynyn weyrancylygyna garamazdan Perunyn birnace kunjeklerinde inklerin gadymy siwilizasiyasynyn yzlary saklanyp galypdyr. Olaryn arasynda in belli gadymy shaher gala Macu-Pikcudyr. Bu binalar toplumy inka imperatory Pakakucek Xν asyrda belent gayalary capdyryp aklyny hayrana goyyan ybadathanalary, owadan koshkleri, kashan jaylary we beyleki binalary gurdurypdyr. Agyr keselin epidemiyasy sebapli inkler shaheri taslap gitmage mejbur bolupdyrlar. Dine 1911-nji yylda Hiram Bingamyn yolbashcylygyndan arhelogiya ekspedisiyasy shaherin ustuni acyar. Hazirki dowurde And daglarynyn yokarsynda yerleshen inklerin ruhy paytagty bolan Macu-Pikcu yadygarlikler toplumy "Dunyanin yedi gudratynyn" sanawyna goyuldy.

Köneler, wagt tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir