Tilki bir kafede çorba bilen sok alyp stolyna geçýär. Çörek ýatdan çykaryp, yzyna gaýdyp alyp gelse çorbasy içilipdir. Iň ýakynda bolsa towşan otyr. Towşan içendir öýdüp tutuş kafe gygyrýar:- Çorbany kim içdi! Üç gezek gygyrýar. Dördünjide aňyrdan aýy çykyp:- Men içdim diýýä!Tilki:- Sogy nämä içmänsiňiz! Bir gun baý bir adwokat gymmat baha täze sport maşyn satyn alýar. Özi hem ulumsy bolanlygy sebäpli alan maşynyny işdeşlerine görkezmek üçin ofisinin öňüne parkowka edip maşyndan düşjek bolup gapysyny açanda ýoldan geçip barýan kamaz maşyn adwokatyň maşynynyň gapysyny alyp geçýär. Muňä gahary gelen adwokat panika turuzup polisiýa işgärine jaň edýär. Bir az salymdan soň polisiýa gelýä welin hälki adwokat sen ýok men ýokpolisiýä gygyryp başlaýa " şol sürüjinihökman tapyp çykdajyny töledeli, maşynym gymmat baha näçe bejertseň hem öňki ýaly bolmaýa" diýip. Polisiýa hem " Siz nä derejede materýalist ekeniniz, maşynyň derdinden özünizdäki agyrynam duýmansynyň, çep eliňizi kamaz äkidipdir." diýýär. Ol adwokat hem " Waý Allajan meniň Rolex sagadymamgitdi" diýip gygyrýamyş. VK-dan Bega Rozybayewiň paýlaşanlary.

Köneler, Yylgyn tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir