Salam talyplaryň agzalary bu ýazgymy size aýdypdymam jurnala hödürleýän diýip, bu gün işdekäm daýzamyň gyzy jaň edip, ýazgymyň çap bolanyny aýtdy welin, diýseň begendim. Dogrusy ýazgymyň köne nusgasy arhiwimde bolmaly Hyýalymda janlandyrýan şazadam diýip temamda. Emma agzalardan tankyt edeni boldy, ol ýerini oňarmaly bu ýerini oňarmaly. Şeýlelik bilen ýazgymyň üstünde işläp oktýabr aýy ýazgymy Zenan kalby jurnalyna hödürledim, ine onam bu sanynda çap edipdirler. Menem size ýetiräýeýin diýdim smile ( Ýazgymy Bildiriş bölüminde goýmagymam, ýazgymy okamak üçin bildiriş bolsun diýdim.) Söýgümiň ajap syrlary. Bir bakyşda söýgi döreýärmi ýa-da ýok? Bu ähli döwürde-de adam ählini gyzyklandyran sowal. Meniň pikirimçe, edil söýgi döremese-de , kalbyňda oňa bolan mähirli garaýyşlar-a emele gelýär. Meniň Aman bilen tanyşlygym tötänleýin boldy. Ýoldaş gyzymyzyň durmuş toýuna Marydan gelipdim. Toýa toparymyzyň ähli oglan-gyzlary gelipdir. Biz gyzlar bolup toýdan irräk çykyp , gözel paýtagtymyzyň seýilgähleriniň birinde ýadygärlik surata düşmeli diýen karara geldik-de, toý eýeleri bilen hoşlaşyp , toý mekanynyň garşysyndaky owadan seýilgähe ugradyk. Ol ýerde suratçy bolmansoň, gyzlar bilen bir-birimiziň el telefonumyza surata düşýärdik. Ýöne ählijämiz jem bolup surata düşmek üçin daşyndan birine haýyşt etmelidi. Şol wagt ýanymyzdan bir ýaş ýigit geçip barýardy. Gyzlar maňa „Içimizden sen dogumlymyz. Şondan haýyşt edäýsene“ diýşip özelendiler. Menem çekinjeňlik bilen: -Aý ,oglan, bir pursatlyk aýak çekäýiň- diýdim. Ol säginip: -Näme hyzmat ?- diýip sorady. -Gyzlar bilen jemlenip surata düşjek bolýas welin, suratçy ýok eken. Bizi surata düşüräýiň-dä. -Baş üstüne. Biz çüwdürimleriň ýanynda duryp, ýaşlyk ýyllarymyzyň bagtyýar pursatlaryny müdümilik şekile geçirtdik. Biraz salym gezelençden soň , biz gaýtmak üçin ýola çykdyk. Şonda ýaş ýigit: -Siziň bilen tanşybam ýetişmedim. Meniň adym- Aman, özümem talyp. Gyzlar, garşy bolmasaňyz, men sizi ugradaýyn.Gijara sizi goýup gidip bilmerin-diýip maňa bakdy-da, ýylgyrdy. Onuň mähirli bakyşy mende ýakymly duýgulary oýardy. Ýolda biz onuň bilen tanyşlyk açyp, Aşgabada toýa gelenimizi aýtdyk. Salgymyza gelenimizden soňam sagbollaşyp, herimiz öz ýolumyz bilen bolduk. Ertesi Mara ugramalydyk. Demir ýol menziline baranymyzda biz ýene-de Amana duşdyk. Onuň ýanynda biziň bilen okan ýoldaşymyz Serdar bardy. Asyl olar dost ekeni. Aman bolsa bizi tanyşdyrjak bolup ber-başagaý. Ahyr Serdar biziň bir-birimiz bilen tanyşdygymyzy, bile okandygymyzy, düýnki toýa-da bile gelenimizi düşündirdi. Muňa Aman şeýle bir begendi welin, dogrusy, onuň bilen duşanymyza öz ýanymdan menem begendim. Assyrynlyk bilen synlap durşuma, bu görmegeý ýigidiň özüni salyhatly alyp barşyna, medenýetli sözleýşine göwnüm ýetdi. Otla münmeli wagtymyz golaýlaşdygyça , men iň eziz adamy goýup gidýän ýaly boldum. Ol bolsa gözüni gyrpyp: -Men saňa hökman jaň ederin –diýdi. Aradan iki-üç gün geçdi. El telefonyma jaň geldi. Bu Amandy. Ol meniň belgimi Serdardan alypdyr. Şeýlelik bilen , Aman maňa okuwyndan sypyndygy jaň edýärdi. Biz duýgular dünýäsine ak guwlar kimin syýahat edýärdik. Okuwyny tamamlansoň, ol Mara geldi. Onuň jadylaýjy söýgi sözleri meniň ýüregimde-de söýgüniň uçgunlaryny köretdi. Bu päk söýgümiziň bizi bagt köşgüne eltjek ajaýyp menzil boljakdygyna men ynanýaryn. Zenan kalby jurnaly 2012-nji ýylyň 12-nji sany.

Köneler, akylym1989 tarapyndan 6 years ago
    akylym1989 6 years ago
  • Şu ýazgymyň könesinde 1merdan bilen tekegyzytatyana baý tankyt edipdiňizä. emma tankyt bir gowy zat , eger tankyt etmedik bolsalar, men oýlanmamyň üstünde işlemezdim:)
    akylym1989 6 years ago
  • http://www.talyplar.com/16565-hyyalymdaky-shazadam.html
    könesini şundan okap bilersiňiz
    gadymypaytagt 6 years ago
  • tankyt edayjekde,hich yerinden kemchilik tapyp bilmedim.
    akylym1989 6 years ago
  • hehehe, gadymypaýtagt, şu temamyň könesinde baý tankyt edip çykdylara:)
    virmenaard 6 years ago
  • tuweleme, gowy yazypsyn. doredijikden bashyn cykyana menzeyar, dowam etmegi maslahat beryan.
    akylym1989 6 years ago
  • ilki ertirde paýlaşypdym temamy welin,bildiriş bölümem şu ýerden ýazylandyr:)
    virmenaard 6 years ago
  • wirimenaard
    akylym1989 | 2013-01-14 05:47:31

    ey hudayjaan, bolyar akilim1898 sag bolayyn.
    zyyany yok o yerde-de okap gaytdym yany.
    hama 6 years ago
  • gowydygyny.begenyan siz un :)
    Vipkorsan 6 years ago
  • Awtor bir zat sorayynda.Yazan goshylarñy oylanmalarñy nàdip cap etdirmeli maglumat beràydà maña
    maria 6 years ago
  • asyl bu sizinkimidi, okapdym :) icki pikirimi ozumde saklasammy yada bu yere yazsammy?
    gowy, erbet dal
    akylym1989 6 years ago
  • Awtor bir zat sorayynda.Yazan goshylarñy oylanmalarñy nàdip cap etdirmeli maglumat beràydà maña
    Vipkorsan | 2013-01-14 06:28:24



    ugratýaň jurnalyň ýada gazýetiň adresine soňra Indeksini ýazýaň meselem zenan Jurnalynyňky: 77994.
    akylym1989 6 years ago
  • ýazyp goýber maria armanyň galmasyn:)
    Bayramsoltan 6 years ago
  • Gutlayan jorkanya! Bir oylanmam chap edildi diyip, arkayyn yatmak yokdur;-). Hany yene-yene metbugatda M.A. ady bn oylanmadyr goshgulara garashyandyrys. Bagtyñyzam shu günlere yetirmegini arzuw edyän
    Udachiii...!!!
    phenomen2 6 years ago
  • gutlayan jorkanya!
    her hili soz tapyanyzay:D
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri