Salam hormatly talyplaryň agzalary! Bu gün siz bilen ýene bir oýlanmalarymyň birini paýlaşmagy makul bildim.Ýagny bu ýazgymdaky goşgymy 45-minutda ertir.com-yň döredijilik ýaryşyna hödürlemäge ýetişjek bolup düzdim. Oýlanma hem dile geldi menem çyrşap goýberdim. Söýgi-bu ajaýyp duýgularyň beýgi ynsanyň kalbyna duýdansyz gelýär diýsem ýalňyşmasam gerek. Söýgi sen hakda niçe aşyklar eline galam alyp goşgy goşdy, niçesi bolsa däldiräp daga çykdy, ýenesi söýgüsini wasp edip aýdym aýtdy...umuman sen niçeksi duýgy, ynsanyň başyny käteler hasrata goýýaň, käteler bolsa ruhlandyrýaň, käte bolsa däli-diwana ýaly düşnüksizlige getirýäň, bir söz bilen seni beýan etmek maňa agyr... Bilýäňmi, gündeligim, bu gün men şeýle bagtly, göräýmäge dünýäde menden bagtly ynsan ýokdur. Beý diýsem, -hä bu gyzyň men-menlikden gözi gapylypdyr diýmäweri, çünki men oňa aýdyp bilmeýän zadymy gelip saňa ýazýan ahyr. Bu gün saňa öz bagtlylygymy ýazmak bilen, hyýalymdaky janlandyrýan şazadamyň bagtlydygyny bilmek isleýän... Hyýalymda ýene janlanýar keşbiň, Ýürek diýýär, söýgüňdenmi sen geçdiň? Bu günki gün sen kimi saýlap, seçdiň? Bagtlymy, bagtlymy, bagtlymy yşgym??? Gamly nazarymy saňa aýlaýan, Sen hakda käteler pikir oýlaýan, Arzuwmy wysalmy her ýan eýleýän , Bagtlymy, bagtlymy, bagtlymy yşgym??? „Aýym“ diýdiň, “ bagtym“ diýdiň ... ýeneler, Ol sözlerden geçip otyr seneler, Ýakyn günde seret, şeýle gün geler, Söýgüniň öňünde şumy seň keşbiň, Bagtlymy, bagtlymy bagtlymy, yşgym??? Menä bagtly  ...

Köneler, akylym1989 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir