Salam agzalar gowumysyňyz umuman bu günki temany açmalymy, açmaly dälmi diýen pikir hakda köp ýüwürdim ahyrynda, hem açmaly diýen karara geldim. Umuman dogrusy duýdansyzam geldim, beýle karara, emma beýle sylanmazlyk dogrusy meni şeýle utandyrdy. Tema açyp hoşlaşmak nämä gerek , diýmegiňizem mümkin, siz soňky boljak temamy özüňize dogry düşünersiňiz öýdip umyt etýän. Oturyp messibet agzamyňyz Liga oýnundaky prognozlaryna gatnaşmak teklibi ilki bilen goldap, soňunda hem gatnaşmazlyk,meni şeýle gynanyrýar.Arman men belli netijä geldim. Ol ýaryşyňyzy hem hökman gurnaň. Ýaryşa gatnaşjak agzalara hem üstünlik arzuw etýän. Indi bolsa, köp sag boluň, meniňem şu wagta çenli ýazan goşgularym, oýlanmalarym arhiwde galyp, diňe ýatlama bolup galar diýip umyt edýän. Talyplara gelen günim dogrusy menden bagtly adam ýokdy, emma bu gün saýdy terk edip gitmegim dogrusy şeýle bir gynandyrýar.emma sizem maňa dogry düşüniň, kä wagt garaşmaýan zadymyz ýüze çykyp şeýle netijä gelmeli diýen karara getirýär. Şu güne çenli durmuşda ýüregimiň isleýşi ýaly özümi alyp bardym, bu günem şu pikire gelmäge ol mejbur edýär. Ýeneki ýyllarda 2011-nji ýylyň 3nji noýabrynda saýda agza bolan akylym1989 lakamy bilen tanalyp,siziň ýatlamalaryňyzda galaryn diýip umyt etýän. Umuman saýdyň eura-2012 ýaryşyny gurnan agzalarymyz size hem öz minnetdarlygymy bildirýän. Käbir dostlukda gatnaşan agzalarym sizem köp sag boluň. Siz meniň durmyşymda müdimilik gözel ýatlamalaryňyz bilen ýaşarsyňyz. Hormatlamak bilen akyl..1989

Köneler, akylym1989 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir