bu günem adatydakylar ýaly kitaphana gelip kitabym bilen boluberdim, bu habary eşdenimden bäri 28-ni unudaýyn diýip ýördüm ençe gün bäri.18:00-da kitaphanadan çykyp, sumkama kitaplarymy salaýyn diýip, durkam kitaphana işgäri 28-däki kitaphana gelen okyjynyň sany 78 diýip öz hasabatyny berdi. doňup galaýypdyryn, dogrudanam bu gün 28-i bu gün illeň toýy şunça wagt bu güni okuwa taýýarlyk görüp unudyp gel,gel şu gün ýadyma düşäýmelimi diýsene, ýeri kitaphanadan 5-10 min öňüräk çykyp bilmediňmi diýsene.ýeri her gün 6-yň awtobusyna ýetişmek üçin irräk çykardymla, ýeri gel hasabat aýdylýan wagty çykaýmalymy diýip öz-özüme gaharym geldi. bir ýerden elmydama taýýar bolup duran damjalaram taýýar boldy, bula masgara etjek diýip, derrew äýnegimi dakyndymda ýolum bilen boldum. öýe gelip her näçe ählisini unutmak isledim, başarmadym ejeme seretsem, onuň şol tireparazçylyk hakda aýdan sözi henizem ýadymda. dogry ejedä ýa-da ýeke gyz bolanymdanmy ol meni öz welaýatymdan daşary çykarmak islemeýän bolsa gerek. menem janygyp durmadym, çünki ony söýen däldirin belki, emma onuň üçin näme üçin bu gözýaşlar dökülýär. gulagymda g.ezizowyň : bu şäherde näçe diýseň ýigit kän emma öýe ugradanok biride“ diýen setiri ýadyma düşdi. öz ýanymdan soragam berýän öz-özüme, men görmeksizmikäm ýa-da şeýle menden çekinýälermikä. belki bulaň 2 den biri dogrudyr, emma owadan bolup däl-de bagtly bolup dogul diýýär şahyr aga. allajan menem belki iň bagtly adamlaň biri bolup doglan bolaýynda, belki dilegimi eşdip siz meni bu ýyl ýene gaýtadan talyp ada mynasyp görensiňiz. belki,belki şeýledir, „gelnim“ diýip ýüzlenilmeginä entek taýýar däl, emma talyp diýen ady almaga mynasyp adamlaryň biri bolmagy şeýle bir. arzuwlar,arzuwlar wi ýene talyp bolmak isleýändigimi saklaman bilmedimdä. hemme dalaşgärleň isleýşi ýaly, menem talyp ady alasym gelýär, ýüregimde hyjuw okuw höwesi, ýene talyp ady alasym gelýär...

Köneler, akylym1989 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir