Salam talyplaryň agzalary men bu gün size ýene ýazan bir ýazgymy hödürlemegi makul bildim. Joramyň haýyşdy boýunça ýazdym, siz bilen paýlaşmagymyň sebäbi ýene bir gezek özümizde bar bolan howandarlarymyza buýsanyp, begenip ýaşamalydygyny aýtmak isledim. Kaka -dünýäde bize iň yakyn bolan ynsanlaryn biri. Muny ahlijamiz bilyan bolsak gerek. Dünýäde eje,kaka bu sözler bize iň yakyn bolan ynsanlara yüzlenyän sözlerimiziň biri. Kaka siziň adyňyzy öňler ençe gezek tutmaga ejemin yanynda synanyşdym, emma hiç maňa rugsat bermedi. Emma bu günki gün ejemjanyň özi maňa siziň adyňyzy tutmaga arkaýyn rugasat berdi. Wah arman, arman kaka diýip siziň adyňyzy ýüzlenmäge hem gijä galdym. Dogry siz bizi ozalam bir gezek terk edip gitdiňiz, emma ol gün biz sizden öykelemedik, ejem siziň deregiňize hem kaka, hem eje bolup bizi eliniň aýasynda saklap ulalytdy. Iýdirdi, içirdi bize kakasyz diýdirmedi. Çünki siz bizi terk edip gideniňiz üçin ol sizi günäkär hasaplamady. Ejem ikiňiziň araňyzdaky bolan düşünişmezligi şunça bagyslamagyny ejeme soň hayşt hem etdik, kaka, seni bagyşlamagyny hayşt etdik. (Emma käbäm hic basarmady, ejem siziň başgada birine gelnim diýip yüzlenmegini , bizden başgalara kaka bolmagyňy islemedigi sebäpli sizi bagyşlap bilmedi…) Taňrym bilseň sen bu gün aglaýan sesim, Ir tutmaly boldum, kakamyň ýasyn, Ýa-da eştmediňmi ejemiň sesin, Elden alyp kakamjanyň höwesin... Durmuşda ölmeseň her zat görjek ekeniň, hat-da özüne iň ýakyn ynsanyň biri bolan kakaň aradan çykanyny hem eştmän galjak ekeniň. Kaka ol saylan gelniň nähili yüreksiz adam ekenä hat-da siziň aradan gaydanyňyzy hem bize eşitdirmandir ahyr. (men bir zady anyk bilýn kaka ol biz bilen siziň goýan mirasyňyzy paýlaşmak üçin aýdan däldir, kaka bize hiç hili ol zatlar gerek däl ahyr,ýekeje zat gerek siziň bize dolanmagyňyz.) Nähili doňyürek adamlar bar, kaka, hatda siz bilen hoşlasmagada ýetişmedik. Siz ol gün bize garaşansyňyz bilyäs kaka garaşansyň. Wah, kaka men bilen bolsadym, iň bolmanda siziň bilen hoşlaşmaga barardym. Bilýäňmi kakamjan, indi ejem size bagyşlady iň bolmanda şonuň üçinem dolanmarsyňyzmy? Käşgä siz dolansadyňyz, siziň ejemiň bagyşla diýmegi üçin dolanjagyňyzy men ynanýaryn… Kakamjan atada taňry hukugy bar diýileni, siz bu söze has mynasyp adamsyňyz. ( 2-nji maýda aradan gaýdan ekeni ,emma olara 24 ne aýdypdyrlar ýagny düýn, onuň hat-da 40 –am geçen ekeni ň gynanyçly ýeri obadaky öýlerine gidenlerinde kakasynyň işdeşi aýdýar.) awtor akylym1989

Köneler, akylym1989 tarapyndan 7 years ago
    tekegyzytatyana 7 years ago
  • Barde mesele men dalde sizin doredijiliginiz men yazan temama sizem halamasanyz hokman yazyn kate aydylyan owguli dal pikirlere sylag gorkezmage synansyn biz uly adamlara koce gurrunine syrygmasy ucin aydamak pikrimi islemeseniz indi men temama yazman diyseniz yazman
    tekegyzytatyana 7 years ago
  • Hemme adam oljegini bilya menem sizem suny okayan hemme adam oler garantiya beryan mesele hayyrly olum on ucinem onden tayarlyk gormeli sol adam ahli zady oz eli bilen gurapdyr(huday gunalerini bagyslasyn) elbetde kaka gargamaly dal olanky dogry kakan it bolsa bile yalakdan nahar iymeli garsy dal yone sol adama men dasyndan baha beryana ol men garyndasym dal yazgaryan yone yogalan adam barada erbet zat aydasym gelmedi
    akylym1989 7 years ago
  • Barde mesele men dalde sizin doredijiliginiz 1-njiden meniň döredijiligim hakda tankytly zatlary ýazmak hökman däl, 2-njiden men siziň döredijiligiňizde hem çeperçilik göremmok, 3-njiden isleseňiz ýazyň, islemeseňiz ýazmaň. emma adam gitdigiçe kämilleşýär, siz maňa kämilleşmediňiz diýip aýtjak bolýaňyzmy? siz şeýle çeperçilik taýdan zehinli bolýan bolsaňyz onda ýazgylaryňyzda üýtgeşik çeperçilik görerdim.
    adam öljegini hiç wagt öňünden bilýär diýseň ýalňyşdyk bolar,diňe öljegine akyl ýetirýändir!
    tekegyzytatyana 7 years ago
  • Tankyt edilmegi boynunyza alman kopculuk yerine zat yazman acyk bolun tankyt kamillesdirer men yazanlarymy halamazlygynyz mumkin hemme adamyn gowy gormegi geregem dal belki hakykatdanam yazyan zatlam ceper daldir her tankyt ucin oz ruhymy peseltmezdim mena sizem seydin men icimi yakyp gowy zatlar yazyn sonda kamillesersizin dogry aytyan islesem yazaryn islemesem yazman bu her kimin oz isi
    akylym1989 7 years ago
  • tankyt edilmegi boýnuma alyp , köpçülik ýerine ýazýan, emma men düşünemmok iň bolmanda ýekeje ýazgy halanar ahyr. siziň meniň döredijiligimiň çeperçiligine wagt ýitirýänçäňiz özüňiziňkä gidirseňiz has oňat bolar!
    tekegyzytatyana 7 years ago
  • Men size hususy dusmancylygym bolany ucin yeke yazgynyzam halamayandyr oytyan bolsanyz yalnysyanyz dine biz basgaca pikirlenyan iki adam sahsy hic zat yok diyip basda hem yanzytdym wagt bolsa men hususy zadym islesem tankyda ulanaryn islesem owga
    akylym1989 7 years ago
  • hususy zadyňy ýerlikli ulansaň oňat bolar, size köne agzalary öw diýseň borlaý gowsy dilimi deňemäýin !
    1merdan 7 years ago
  • jaýy jennetden bolsyn
    1merdan 7 years ago
  • aslynda öňüräk bir talyplaryň agzasy hem ýogalypdy welin,... onyňam jaýy jennetden bolsyn (ýaş gitdi nersse)
    1merdan 7 years ago
  • Olen adam barada dine gowy zat gowy zat we ondan basga hic zat(seyle bolmadyk bolsa hakyky pikrimi aydardym)
    tekegyzytatyana | 2012-06-28 00:14:16

    käşge şeýle bolsady arman tersinedä Bibisara, ölmänkä beýik diýip, babam diýip, atam diýip, ölensoň sözümizi owadanlap tankytlan bolýarys(aý 1merdan şeýtýäda)
    kese çyzyk iki nokat arasy,
    sagynda geldiň sen çepinde gitdiň.
    ýa köpüräk ýaşap kösediň ili,
    ýada has ir gidip ajap iş etdiň
    ependi 7 years ago
  • akylly boluney
    ependi 7 years ago
  • men bir yana sen bir yana tekegyzytatyana
    ependi 7 years ago
  • menden owrenyaniz oydyan akyllyja bolun hany
    tekegyzytatyana 7 years ago
  • Merdan yogalan talyby estmandirsem yzy yarasyn ruhy sat bolsunda herne
    tekegyzytatyana 7 years ago
  • Borla hakykatdanam agzyny denejek bolmalam dal millet olum diya bizem bolgusyz zat ucin sowusyas gunakar bolsam bagyslan men sahsynyza zat diymedim yone siz menka diydiniz kone agzalar dil denemek gerek gurrun daldi mesele dine cepercilikdi gurrun nireden nira geldi siz bilen hazire cenli dine bir pikrinizi haladym her kim bilen agzyny denemeli dal
    hakykygyz 7 years ago
  • Okamda duýgulandym.akylym1989 boýdashyn "dadesinin yzy ýarasyn.imanly bolsunda bende" gynandym
    akylym1989 7 years ago
  • sag boluň. men size beýle diýjek däldim, emma saklanmadym, siz bilýänem dälsiňiz, bu ýazgyny ýazamda meniň nähili duýgyny başdan geçirenimi. aý borla ýene çeper däl diýiň gowusy siz.
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri