hormatly agzalar sizden bir haýyşt aradaky salam türkmen agzasyna degişli maglumaty nireden alyp bolýara , şol hakda ýazaýňyda linkini ýazaýyň haýyşt mende şu maglumat bar emma tapyp bilemmokda. Ýaryş barada: Bu bäsleşik güýmenje hemde siziň talantyňyzy ýüze çykarmak üçindir. "SalamPhoto" adyny alan ýaryşmamyzda esasan "SalamTurkmen" sözüni täsirli, döredijilik işleri bilen bezäp, ony dürli şekilde ýazyp, surata düşürmek gerekdir. Hatyňyz islendik çyzuw kagyzlary (A4, A3), mata (letde, tekstil) başga-da dürli ýollar (daş, çöp) bilen ýazylyp biliner. Meselem: Ýaşaýan şäheriňiziň owadan ýerinde düşürmek. Dostlaryňyz bilen köpülikleýin düşürmek. Ýeriň üstünde dürli edip ýazmak, daş, taýak, çöp Dürli şekil berip düşürmek (ýeke eliňde durmak) Esasy üns beriljek nokatlar: Türkmen milli esbaplaryny ulanmak Düşürilen ýeri Siziň surata düşen şekiliňiz Döredijilik Düzgünler: 1. Pornografiýa ulanmak gadagan. 2. Döwlet syýasatyna garşy gurallar, politika mowzuklary gadagan. 3. Montaj etmek gadagan, öz düşen suratyňyz bolmaly. 4. "SalamTurkmen" sözi hökmany görünmeli. 5. Suratyňyz com@salamturkmen.com E-mailine ugradylmaly! Mysal: Bellik: Orginal surat bolmaly "SalamTurkmen" ýazgysy görünmeli Suratyňyzy com@salamturkmen.com Email-ine doly adyňyzy ýazyp ugratmaly. Bildiriş Posterimiz: Görkez Ýaryş üçin registrasiýa wagty: 29/05/12 - 12/06/12 Ýeňiji 300$ sowgat alar!!! Gizlinlik: 1. Bize suratyňyzy ibermek bilen ýaryşyň kadasyny kabul eden bolarsyňyz. 2. Siziň maglumatlaryňyz diňe bu ýaryş üçin peýdalanylar we başgalaryna ýetirilmez. 3. Ýaryşa gatnaşyjylaryň ýaryşa taýynlyk görýän wagtyndaky hereketlerine SalamTurkmen jogapkärçilik çekenok. Biz barada Biziň maksadymyz Türkmen jemgyýetiniň agzalaryna maglumatlary tiz ýetirmekden, özara peýdaly maslahatlary alyşmakdan, türkmen diliniň ösmegine goşant goşmakdan, milli talantlarymyzy we baýlyklarymyzy ýüze çykarmakdan we güýmenje üçin dürli mümkünçilikleri döretmekden ybaratdyr.

Köneler, akylym1989 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir