Bu galan ömrümde diňe seni söýmek isleýän... Durmuş dowam etýär her güniň özboluşly bir täze wakalary, özgertmeleri bar. Dünýäde bu gün göreniň erte ýok bolup barýar. Çünki tebigatyň ýaradylyşy şeýle. Bize käte az wagtda tanaýan adamlarymyz hem ýakyn bolup görünýär. Olaryň biz hakda etýän aladalary, daşymyzy gurşap alýan duýgulary bize ýaşamaga,söýmäge mümkinçilik berýär. Men çyndanam aşyk bolaýdym, öýtýän çyndanam seni göresim gelýär. Näme üçindir seniň sesiňi has ýakyndan duýmak isleýän. Käte seniň suratyňa seredip saňa tarap has ýakynlaşýan birdenem elimdäki duran zadyň suratdygyny duýup tisginip gitýän. Beýle ýagdaýa men ozal duçar bolmandym, belkide bu söýgümikä, egerde bu hakykatdanam söýgi bolsa goý ol şunlugyna hem galsyn. Men seni galan ömrümiň ahyryna çenli söýmek isleýän,ana şonda senem meni mendenem has beter söýersiň, bu söýgüniň hakykatdygyny duýarsyň, bilersiň... Dogry men bu sözleri saňa ýazýanyma biraz uýalýaryn,çünki men gyz maşgala, emma mende başga çäre ýok men saňa bolan söýgümi diňe ýazyp beýan edäýmesem, mende saňa berlen ýaly ukyp ýok, meniň seňki ýaly owadan sesim owazym ýok. Emma bilseň mende ýene bir zat bar olam meniň bu ömrümde iň beýik bolan saňa bolan söýgüm bar. Bu söýgi hem maňa sabyrly bolmagy öwreder diýip umyt etýän. Zar etme! Owadan gara gözleriň, Şirin deý saýran dilleriň, Men aşygy owazlaryň Özüňi maňa zar etme! Söýip galdy bu ýüregim, Sen diňe maňa geregim, Alajy ýok bu ýüregiň, Mähriňi maňa zar etme! Erkim elden alan ýarym, Öziň maňa dolan ýarym, Al bu jany seňki janym, Keşbiňi maňa zar etme! Eşitseň, bu meniň kyssam, Söýinçäň galar bu gussam, Dilegim arzuwyma ýetsem, Söýgiňi maňa zar etme!

Köneler, akylym1989 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir