ählimmize mälim bolşy ýaly bu hepde bütin hepde saglyk hepdeligi diýilip yglan edildi. her ýylda däp bolup geçirilişi ýaly bu ýylam zenan mugallymlaryň arasynda geçirilýän ýaryş şu gün marynyň Merw stadiýonynda geçirildi. ýaryşa etrabymyzdaky 37 mekdepden zenan mugallymlaryň birnäçesi gatnaşdy. şeýlelikde ýeňil atletika 60 m ylgaw ýaryşda men 4-nji ýere ýagny 11.20 de geldim. 1-nji ýer 22-nji mekdep, 2-nji ýer 21-nji mekdep 3-nji ýer 6-njy mekdep 4-nji ýer hem men. şeýlelikde uzynlygyna bökmek ýaryşymyzda hem 1-nji ýer 21 nji mekdepden Läle mug. 2-nji ýer 27-den men akylym1989 3-nji ýer 22 nji mekdepden jeren mug estafeta ylgaw 240 metr aralyga her toparda 4 sany zenan mugallymlar munda hem biziň toparymyz 2-nji ýere düşdi. Umuman welaýat derejesinde geçjek ýaryşa gatnaşmaga 2 tapgyr boýunça ýer aldyk. ýaryş gaty gzyykly we şowhunly geçdi. ýeňiji bolanlara hem Kärdeşler arkalaşygyň höweslendiriji sowgady hemde Hormat hatlar berildi. meniň iň gynanýan zadym geçen ýyl 60 m ylgawy 7.20 de gelip etrapda 1-nji ýeri welaýatda hem 2-nji ýeri alypdym, emma bu ýyl käbir sebäplere görä, ýeňil atletika ylgawda 4-e düşdüm. galanam nesibe diýilen zadam bar, gaýta maňa sapak boldy. umuman sport hepdeligi biziň etrapdfa şeýleräk geçdi. öňde welaýat tapgyr ýaryşlary bar oňa hem taýýarlyk görýärmegiň ugrynda.

Köneler, akylym1989 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir