Salam dostlar! Bir mesele ýüze çykdy. Näme etmeli? Maslahat beriň! Şu gün duralgada nokia 6500 telefon tapdym. Duralgada hiç kim ýokdy. Biraz garaşdym, hiç kim eýe çykmady. Onsoň öýe alyp gaýtdym. Içinde sim karta ýok. Öz sim kartamy dakyp gördüm welin işläp dur. Telefony öýe alyp gaýtmagymyň sebäbi, ony başga biri alsa, eýesini gözlemezligi mümkin. Men eýesini gözlejek. Ertirem tapan ýerime baryp görjek. Soraşdyrjak, eýesi tapylsa berjek. Ýöne eýesi tapylmasa, nätmeli? Ýoldan tapylan zadyň maňa-ha geregi ýok, näme etsemkäm?
- atabeg
- 15 jogap
- 270 okalan
- 2010-02-05 11:45:12
jogaplar
Tel. knigasynda hiç kimiň ady, nomeri ýok. sms ýazylmandyr, ýazylsa-da pozulypdyr. Birazajyk ulanylana meňzeýä. Indi men ynjalamok. Eýesi gynanýandyr.
Dost pikiriñä erbet däl.belki eyesi tapylar nesibesi ayrylmadyk bolsa, ýöne kynçylygyndan gaçma, telefony gowuja dörüshdir eýesine degishli bir zat hökman bardyr.
peha dost, dörüşdirdim, eýesine degişli zat tapmadym. Možet remontdan alyp gaýdandyr. Galareýasy zady hem boş. Hiç zat ýok. Ertirem şo duralga baryp görjek. Eýesi tapylmasa, duralga telefon tapdym diýip bildiriş ýelmesem nähili bolar?
atabeg dost,hawa yene baryp goray sho yere,yone ozun ulanayma,son srazu taparlar seni,bildirishem asyp goyay shol duralgada
tema yazmak üçin, başgarak zat toslap tapan bolsan has gowy bordy dost!!!
haysi akmak boş telefony yanıda göterya?
haysi akmak boş telefony yanıda göterya?
Dostlar, mesele çözüldi. Bildiriş asdym welin ýaman köp adam jaň etdi. Eýesini tapdym, tel-ň sypatlaryny, hemme zatlaryny aýdyp berdi. Begenip alyp gitdi. Magtymgulyň ýadygärliginiň ýanyndaky mekdebiň mugallymy eken. 7-nji mekdep.




